BILIM

Oba hojalyk uniwersitetinde prezentasiýa başarnyklary boýunça açyk sapak geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Prezentasiýa başarnyklary” atly açyk sapak geçirildi. Çärä talyp ýaşlar, mugallymlar hem-de dürli ugurlarda bilim alýan ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Açyk sapakda RUPTA Consulting kompaniýasynyň wekili Öwez Gandymow çykyş edip, täsirli prezentasiýa taýýarlamagyň we ony üstünlikli hödürlemegiň esasy usullary barada giňişleýin maglumat berdi. Çykyşda pikirleri ynamly beýan etmegiň, diňleýjiler bilen täsirli aragatnaşyk gurmagyň, beden dilini ýerlikli ulanmagyň hem-de çykyş wagtyndaky tolgunmany ýeňip geçmegiň ýollary barada amaly maslahatlar berildi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar bilen işjeň pikir alyşmalar alnyp baryldy. Sorag-jogap arkaly ýaşlaryň gyzyklanmalary boýunça giňişleýin düşündirişler berildi. Şeýle hem üstünlikli prezentasiýanyň gurluşy, wizual serişdeleri netijeli ulanmagyň aýratynlyklary hem-de professional çykyş medeniýeti barada mysallar arkaly gürrüň edildi.

Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi bilelikde gurady.

Geçirilen açyk sapak ýaşlaryň şahsy ösüşine, olaryň çykyş medeniýetini kämilleşdirmäge hem-de geljekki hünär ýolunda zerur bolan kommunikasiýa başarnyklaryny ösdürmäge möhüm goşant goşdy.

Related posts

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkiýede bilim alan talyplar üçin wajyp maglumat

Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyna okuwa kabul edişlik

Ata Watan Eserleri