JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidenti Aşgabatdaky halkara foruma çagyryldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Mejlisiň Başlygy ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada habar berdi. Nygtalyşy ýaly, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma çakylyk haty gowşuryldy. Dostlukly ýurduň Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy.

Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen bagly kabul eden Kararnamasyny Türkiýäniň goldandygyny buýsanç bilen belledi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynyň taryhy waka bolandygyna hem ünsi çekdi.

Saparyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda iki doganlyk ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjek parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenildi.

Pursatdan peýdalanyp, D.Gulmanowa ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny halkara derejede giňden wagyz etmek, türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolmagy üçin döreden mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar

“Türkmengaz”-“QazaqGaz”: tebigy gazy import etmek we bilelikdäki taslamalar maslahatlaşyldy

Özbegistanyň Prezidentinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Türkmenistan Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Türkmenistanda 18 ýaşdan kiçi adamlar üçin pagtaçylyk gadaganlygy hukuk taydan has berkidilidi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi