MEDENIÝET

Türkiýäniň Kölegeler teatry türkmen döwlet gurjak teatrynda çykyş etdi

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäklerinde «Garagöz we Hajiwat» atly oýny bilen çykyş etdiler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Uýsal Güýç Filiziň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan «Garagöz we Hajiwat» iki bölümli, bir perdeli kölege oýny bolup, ol Osmanlylar döwründen bäri tutuş Anadolyda meşhurdyr. Bu kölege oýny Gresiýada «Karagiozis», Bosniýa we Gersegowinada bolsa «Karagöz» ady bilen mälimdir.

Bu kölege oýny halk arasyndaky rowaýlardan, hekaýatlardan susulyp alnyp, onda hereket edýän gahrymanlara merdanalyk, şeýle hem degişme häsiýetler çaýylýar. Bu kölege oýnunyň esasy gahrymanlary — Garagöz bilen Hajiwatyň arasyndaky özara gatnaşyklar ýumoryň üsti bilen sahnada ökdelik bilen janlandyrylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri