BILIM

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri 2024: Iki ýylda 50 göterim artyş

Her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Türkmenistandan kabul edýän talyplarynyň sanyny artdyrýan Türkiýe halkara abraýly uniwersitetleriniň sanyny artdyrdy.

Öň habar berişimiz ýaly düýn The Times Higher Education World University Rankings 2024 sanawy neşir edildi. Bu sanawa dünýäniň 108 döwletinden 1904 ýokary okuw mekdebi girdi. Şol habarda hem belläp geçişimiz ýaly,  Ata Watan Türkmenistandan 9 sany ýokary okuw mekdebi bu halkara  sanawa “habarçy” derejesi bilen girdi.

Bellemeli zat, bu sanaw, «Times Higher Education (THE)» britan žurnaly tarapyndan 2024-nji ýyl üçin kabul edilen sanaw bolup, Türkmenistanyň Bilim ministrligi her ýyl “Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyny” kabul edende «Times Higher Education (THE)» sanawyny hem esas alýar.  Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-nji ýyl üçin şeýle sanawy entek halk köpçüligine ýetirmedi. Times Higher Education (THE) World University Rankings 2024 sanawy 27.09.2023 senesinde halk köpçüligine ýetirildi.

The Times Higher Education World University Rankings 2024 sanawyna Türkiýeden bu ýyl 75 uniwersitet giripdir. Dünýäniň iň abraýly okuw mekdepleriniň sanawyna Türkiýeden geçen ýyl 61 uniwersitet giripdi. Başgaça    aýdamyzda bu ýyl Türkiýeden ýenede 14 uniwersitet sanawa girmegi başarypdyr.  Egerde 2022-nji ýylda Türkiýeden 54 uniwersitetiň sanawa girendigini hasaba alanyňda Türkiýe soňky 2 ýylda halkara abraýly uniwersitetleriniň sanyny 50 göterime golaý artdyrypdyr.

Türkiýeden bu sanawa ilkinji bolup Koç uniwersiteti giripdir. Ol bu sanawa 351-400 aralygynda giripdir. Başgaça aýdamyzda Türkiýäniň sanawdaky iň abraýly uniwersiteti bolan Koç uniwersiteti, dünýäniň ilkinji 400-ligine girmegi başarypdyr. Türkiýeden Middle East Technical University (ODTÜ) we Sabanjy uniwersitetler hem ilkinji 400-lige giripdir. Istanbul Technical University bu sanawda ilkinji 500-lige giren bolsa, Bilkent, Boğaziçi, Çankara we Hajettepe uniwersitetleri ilkinji 800-lige giripdir.Türkiýeden ilkinji 1000-lige bolsa, Bahçeşehir, Özýegin we Yildiz Teknik uniwersiteti girmegi başarypdyr.

 

Türkiýede bilim almak isleýän oglan-gyzlarymyzyň Stambul şäherinde ýerleşýän we bilim ulgamynda maslahat hyzmatlaryny berýän, Türkiýeden sanawa giren birnäçe ýokary okuw mekdebiniň Ygtyýarly wekili bolup durýan

Atavatan Danışmanlik Tercüme LTD şereketine ýüz tutup bilerler!

Habarlaşmak üçin : +90 532 401 71 52 & +90 530 251 36 73

 

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri 2024

  1. Koç University
  2. Middle East Technical University
  3. Sabancı University
  4. Istanbul Technical University
  5. Bilkent University
  6. Boğaziçi University
  7. Cankaya University
  8. Hacettepe University
  9. Bahçeşehir University
  10. Ozyegin University
  11. Yıldız Technical University
  12. Akdeniz University
  13. Bartin University
  14. Firat University
  15. Istanbul University
  16. Istanbul University-Cerrahpaşa
  17. Necmettin Erbakan University
  18. TOBB University of Economics and Technology
  19. Anadolu University
  20. Atatürk University
  21. Atılım University
  22. Bezmiâlem Vakif University
  23. Cukurova University
  24. Dokuz Eylül University
  25. Duzce University
  26. Ege University
  27. Erciyes University
  28. Gazi University
  29. Gebze Technical University
  30. Istanbul Bilgi University
  31. Istanbul Medeniyet University
  32. Izmir Institute of Technology
  33. Karabük University
  34. Sakarya University
  35. Selçuk University
  36. Acıbadem University
  37. Aksaray University
  38. Ankara University
  39. Ankara Yildirim Beyazit University
  40. Başkent University
  41. Bilecik Şeyh Edebali University
  42. Bolu Abant Izzet Baysal University
  43. Bozok University
  44. Bursa Technical University
  45. Bursa Uludağ University
  46. Çankırı Karatekin University
  47. Manisa Celal Bayar University
  48. Dicle University
  49. Dumlupinar University
  50. Erzincan Binali Yıldırım University
  51. Eskişehir Osmangazi University
  52. Gaziantep University
  53. Hitit University
  54. Inönü University
  55. Istanbul Aydın University
  56. Istanbul Medipol University
  57. Izmir University of Economics
  58. Karadeniz Technical University
  59. Kastamonu University
  60. Kirikkale University
  61. Kırşehir Ahi Evran University
  62. Kocaeli University
  63. Marmara University
  64. Niğde Ömer Halisdemir University
  65. Ondokuz Mayis University
  66. Ordu University
  67. Pamukkale University
  68. Recep Tayyip Erdoğan University
  69. Sivas Cumhuriyet University
  70. Süleyman Demirel University
  71. Tokat Gaziosmanpaşa University
  72. Uşak University
  73. Van Yüzüncü Yil University
  74. Yeditepe University
  75. Zonguldak Bülent Ecevit University

mahabat:

Daşary ýurtlarda bilim almak üçin resminamalaryň terjimesi boýunça Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin : 

+993 63 78 96 73 &  +993 12 96 48 55

 

 

Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleri belli boldy: THE World University Rankings 2024

 

 

Türkmenistandan 9 ýokary okuw mekdebi halkara sanawa “habarçy” derejesi bilen girdi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Türkiýäniň abraýly uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

“TROPIMUNDO” talyp haky maksatnamasy üçin kabul edişlik

Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersiteti ähtnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasyna agzalyga kabul edildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ähtnamalara gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň uniwersitetleri Aşgabatdaky sergä gatnaşýar