DÜNÝÄ

Türkiýäniň Gara deňizdäki tebigy gaz gory 710 milliard kubmetre deňdir

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde soňra beren beýanatynda Türkiýäniň tebigy gaz we nebit bazaryndaky soňky ýagdaý barada habar berdi. Prezidentiň bellemegine görä, Türkiýäniň Gara deňizdäki tebigy gaz gory 710 milliard kubmetre deň bolup, onuň bazar bahasy 1 trillion dollara deňeçär boldy.

– Sakarýa gaz käninde täze buraw işlerini geçirdik. Fatih buraw gämimiz “Çaýjuma-1” ýatagynda deňziň 3 müň 23 metr düýbüne ýetip, 58 milliard kubmetr tebigy gaz gorunyň üstüni açdy. Şeýlelikde, ozalky seljermelere görä, 540 milliard kubmetrlik tebigy gaz gory 652 milliard kubmetre ýetdi. “Çaýjuma-1” ýatagyndaky gaz gory bilen Gara deňizdäki tebigy gaz gory 710 milliard kubmetre ýetdi – diýip, Ärdogan belledi.

Ol Gara deňizdäki tebigy gazyň halkara bazardaky bahasy 1 trillion dollara deňdigini belläp, 2023-nji ýylda täze  tebigy gaz we nebit ýataklaryny açmak ugrunda tagalla ediljekdigini belledi.

Ärdogan Türkiýäniň ýakyn geljekde Ýakyn Gündogaryň energetika merkezi boljakdygyny belläp, Türkiýede öndürilen tebigy gazy 2023-nji ýylda öndürilip başlanjakdygyny belledi.

Türkiýäniň Prezidenti Russiýa bilen hyzmatdaşlykda Türkiýäniň energetika merkezi boljakdygyny belläp, bu halkara gaz geçirijiler ulgamyna diňe bir Türkiýede we Russiýada öndürilen tebigy gazy däl, eýsem Türkmenistanda we Azerbaýjanda öndürilen tebigy gazlary hem goşmak isleýändiklerini aýtdy.

Prezident Ärdogan Türkmenistanda, ýagny Awazadaky duşuşyklarda Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa iberilmegi babatda gepleşikler geçirip, bu ugurda ädimleriň ädilendigini belledi.

Umuman, Türkiýäniň Hazar deňziniň, Ortaýer deňziniň energiýa serişdeleriniň bir ýere jemlenip, daşary ýurt bazarlaryna iberilýän merkezine öwrülmegi üçin tagalla edilýär.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk