Türkiýe Respublikasynda işlenip düzülen we öndürilen “TOGG” ady bilen meşhurlyk gazanyp başlan elektrikli ulagyň ak reňkdäkisi Türkmenistana hem iberiler. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly belläp geçdi.
– “TOGG” kysymly ulagy türk raýatlary hem gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gyzyklanmalar bar – diýip, türk ministri metbugat wekillerine beren söhbetdeşliginde belläp geçdi.
Ol 4-nji aprelde türk elektrikli awtoulagynyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe gowşurylandygyny belläp, onuň Türkmenistana we Özbegistana hem eltilip beriljekdigini aýtdy.
– Türkmenistan elektrikli awtoulagyň ak reňkdäkisini sargyt etdi – diýip ministr belledi. Şeýle hem ol ulagyň ak reňkdäki görnüşiniň şu aýyň dowamynda öndüriljekdigini mälim etdi.
Türk ministri Çawuşogly Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy belläp, türk tarapynyň ak reňkde “TOGG” kysymly awtoulaga gyzyklanma bildirendigini belläp, “Ak reňkli ulaglar bir aýdan soňra öndüriler we şondan soňra ibereris. Häzirki wagtda ulaglaryň gyzyl reňkdäkisi bar. Oňa isleg bolsa, gönüden-göni iberip biljakdigimizi mälim etdim” – diýip, belledi.
“TOGG” kysymly awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik zawody 2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda açyldy. Şol açylyş dabarasynda Prezident Ärdogan ilkinji awtoulagy synag edip görüpdi. Elektrikli awtoulaglaryň her ýyl 177 müňüsi öndüriler. 2030-njy ýyla çenli önümçilik kuwwaty 1 milliona ýetiriler.
Awtoulaglar 2 görnüşde – 200 we 400 at güýjünde çykarylýar. Onuň iň kuwwatlysy 4,8 sekuntda sagatda 100 kilometrlik tizlige ýetip bilýär. Awtoulag bir gezeklik zarýad bilen 500 kilometr menzil geçip bilýär.