DÜNÝÄ

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabara

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabarada geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň diplomatik gullugynyň 500 ýyllygy, Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatda ilçihanasynyň açylmagynyň 31 ýyllygy mynasybetli surat sergisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji maýynda Aşgabatda ilkinji bolup, Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasy açylypdy.

Şeýle hem şol gün Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň açylanyna 103 ýyl doly. Bu möhüm günde Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasynyň täze gerbi hem tanyşdyryldy.

 

Ol 16 ýyldyz bilen bezelendir. Bu hem ähli döwürdäki 16 garaşsyz türki döwletlerini açyp görkezýär, diýip Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral öz çykyşynda belläp geçdi.

Ilçiniň belleýşi ýaly, Türkiýäniň diplomatik gullugy daşary ýurtlarda giň gerimde wekilçilik edýän diplomatik gulluklaryň biridir. Daşary ýurtlarda 260 diplomatik gulluk bolup, ol ýerlerde konsullyk hyzmatlary hem täzeçil tehnoloiýalar bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem diplomatik gullukda gender deňligine hem uly üns berilýär. 79 zenan ilçi bar.

ilçi Türkiýäniň ilçihanasynyň Aşgabatda açylan gününden bäri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny, bu nusgalyk gatnaşyklaryň taryhy, medeni, din, dil we garandaşlyk gatnaşyklara esaslanýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan-Günorta Koreýa: migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdüriler

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady