BIZNES

Türkiýäniň agyz-burun örtük eksporty

Türkiýäniň Statistika institutynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-iýun aralygynda Türkiýe bir gezek ulanylýan agyz-burun örtüklerini ​​dünýäniň 108 nokadyna eksport etdi. “Covid-19” ýokanjynyň dünýäde giňden ýaýramagy bilen Türkiýe 86 million 105 müň dollar möçberinde bir gezek ulanylýan lukmançylyk örtüklerini daşary ýurt bazarlaryna iberdi.

Käbir ýurtlardan uly isleg bildirildi

Ýanwar-iýun aralygynda Türkiýede öndürilýän bir gezeklik agyz-burun örtüklerine Germaniýadan, Hytaýdan, Fransiýadan, Rumyniýadan we Kuweýtden isleg geldi. Bu döwürde Germaniýa takmynan 14,3 million dollar, Hytaýa 13,6 million dollar, Fransiýa 9,8 million dollar, Rumyniýa 8,6 million dollar we Kuweýt üçin 8,5 million dollar möçberinde bir gezeklik lukmançylyk örtükleri ​​satyldy.

Ýylyň birinji ýarymynda 1 million dollardan gowrak möçberde bir gezek ulanylýan örtükleriň eksport edilen ýurtlary: Ispaniýa, Angliýa, Gonkong, Niderlandlar, Yrak, Slowakiýa, Saud Arabystany, Portugaliýa, Bolgariýa, Italiýa we Moldowa.

Ýanwar-iýun aralygynda agyz-burun örtükleriniň eksport mukdary takmynan 1260 tonna barabar boldy.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler