SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň 2024-nji ýyldaky syýahatçylyk rekordy

Dünýäniň esasy syýahatçylyk döwletleriniň biri bolan Türkiýe Respublikasy 2024-nji ýylda 62 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 9.8 göterim köp bolup, pandemiýadan ozalky 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde bolsa, 20.3 göterim artykdyr.

Şeýle hem syýahatçylykdaky bu esasy görkeziji Türkiýäniň 2024-nji ýyl üçin öňde goýan 60 million syýahatçy maksadynyň hem üstünlikli durmuşa geçirilendiginiň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, degişli hasabat döwründe Türkiýe Respublikasy syýahatçylyk pudagyndan 61.1 milliard dollar girdeji gazandy. Bu hem 2023-nji ýyla garanyňda, 8.3 göterim köpdür.

Umuman, Türkiýe Respublikasy üçin 2024-nji ýyl syýahatçylyk babatda üstünlikli hem-de netijeli ýyllaryň biri boldy.

Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa Türkiýäniň syýahatçylykdaky esasy bazarlary bolup durýar. Ýöne 2024-nji ýylda Amerika, Hindistan we Hytaý ýaly ýurtlaryň jahankeşleri Türkiýede dynç almagy saýladylar.

Halkara syýahatçylar Türkiýede ortaça 10.7 gün geçirdiler we bir sany syýahatçydan gelýän girdeji 972 dollara deň boldy.

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatyna görä, Türkiýe Respublikasy iň köp syýahatçy kabul edýän öňdebaryjy 5 ýurduň biridir.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär