SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýä haçan koronawirus sanjymy geler?

Hytaý Halk Respublikasynyň “Sinovac” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen koronawirus sanjymy dünýäniň dürli ýurtlarynda synagdan geçirilýär. Türkiýe Respublikasy bu kompaniýanyň “CoronaVac” atly sanjymyndan 50 million dozasyy sargyt etdi. Sanjymyň ilkinji tapgyrynyň 11-nji dekabrdan soňra Türkiýä getiriljekdigi mälim edildi.

Sanjym 4 tapgyrda amala aşyrylar. Türkiýäniň derman we lukmançylyk enjamlary edarasynyň laboratoriýasynda, Hytaýdan getiriljek sanjymlar synagdan geçiriler we şondan soňra ulanyjylara hödürlener. Bu barada ýurduň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň ýolbaşçylygynda Bilim geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soň beýanat beren ministr Koja sanjymyň 4 tapgyrda amala aşyryljakdygyny aýtdy. Ilkinji tapgyrda saglygy goraýyş işgärlerine, 65 ýaşdan uly raýatlara, garrylara, maýyplara we durmuş goraglylygy ýaly ýerlerde ýaşaýanlara sanjym ediler.

Ikinji etapda; Jemgyýetiň möhüm pudaklaryň işgärlerine, 50 ýaşdan uly ýaşly adamlara we azyndan 1 hroniki keseli bolanlara sanjym ediler. Üçünji we dördünji tapgyrlar beýleki raýatlara sanjym ediler.

“CoronaVac” sanjymy barada…

“CoronaVac” sanjymy Hytaýyň “Sinovac Biotech” derman kärhanasy, Butantana instituty we Braziliýanyň gözleg biology tarapyndan döredildi. Bu sanjymyň ilkinji synaglarynyň täsirli geçendigini dünýädäki iň gadymy lukmançylyk žurnaly “Lancet” çap edipdi.

Sanjymyň garşylykly täsiri hakda

Ýene-de gadymy lukmançylyk“Lancet”  žurnaly, geçiren gözlegleriniň netijesinde sanjymyň garşylyklaýyn täsiriniň örän pes derejededigini belledi. Bolup biläýjek sanjymyň garşy täsirleri: ýadawlyk (7,5%), kelle agyry (3,5%), myşsa agyry (3%), gyzzyrma (3%) we sanjymyň edilen ýeriniň beden agyrysy (2,5%).

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri