SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýä awiabilet satyn almagyň täze salgysy: “Hoş syýahat”

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da ösdürilýär. Söwda-ykdysady hem-de syýahatçylyk maksatly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde howa gatnawlarynyň ähmiýeti uludyr.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky uçar gatnawlary täzeden ýola goýuldy. Türkmenistan-Tükriýe ugry boýunça awiagatnawlary “Türkmenistan” awiakompaniýasy bilen Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy alyp barýar.

Uçar gatnawlarynyň açylmagy bilen awiapeteklere bolan isleg barha ýokarlanýar. Bu islegi kanagatlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda iş alyp barýan “Hoş syýahat” hojalyk jemgyýeti asylly işi ýola goýdy.

“Hoş syýahat” hojalyk jemgyýeti dünýäniň iň uly we abraýly kompaniýasy “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy bilen awiapetekleriň satuwy boýunça ygtyýarlandyrylan agentlik boýunça şertnama gol çekişdiler.

Şeýlelikde, “Hoş syýahat” hojalyk jemgyýeti “Türkhowaýollarynyň” Türkmenistandaky ygtyýarlandyrylan agenti bolup, öz işine başlady.

Şu gün “Hoş syýahat” hojalyk jemgyýetiniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky ygtyýarlandyrylan agenti diýip saýlanmagy bilen mynasybetli dabaraly açylyş çäresi geçirildi.

– Bu waka, iki doganlyk ýurduň – Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkemegine, hususan-da türkmen-türk işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna uly itergi boljak taryhy bir waka bolup durýar – diýip, “Hoş syýahat” hojalyk jemgyýetiniň direktory Begli Durdymämmedow gürrüň berdi.

Şeýle hem dabarada çykyş eden “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Utku Ýazan öz çykyşynda 2023-nji ýylyň şanly ýyllaryň biri bolup durýandygyny belledi.

“Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň biletleriniň satuwynda “Hoş syýahat” hojalyk jemgyýeti bilen ylalaşyk baglaşylandygyny belläp, 2023-nji ýylda “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň döredilenine 90 ýyl dolandygyny we awiakompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň açylanyna 30 ýyl dolandygyny belledi.

“Hoş syýahat” hojalyk jemgyýeti paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki 2127-nji köçesiniň (Garry Kulyýew) 92-nji jaýyndaky salgysyndan hyzmat berer.

Geljekde bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň çäginde we daşynda dürli syýahatçylyk gezelençlerini gurnamagy, awiabiletleriň satuwyny welaýatlarda hem amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Öň habar berişimiz ýaly,  2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, türk awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat ugry boýunça 4 gatnaw, Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça 2 gatnaw amala aşyrýar. Stambul-Aşgabat ugry boýunça duşenbe, çarşenbe,  anna we şenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar. Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça bolsa  sişenbe we penşenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Umumylykda, bu kompaniýanyň Türkmenistan ugry boýunça hepdelik gatnawlarynyň sany 6-a deň bolar. Şeýlelikde “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem Türkmenistan-Türkiýe ugruna hepde-de 5 gezek adaty uçar gatnawyny amala aşyrýandygyny hasaba alanyňda iki ýurduň arasynda hepde-de 11 gezek adaty uçar gatnawynyň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.

mahabat

Wiza üçin gerekli resminamalaryň terjimesi üçin Aşgabat şäherinde ýerleşýän Makul Hyzmat terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Siz Makul Hyzmat terjime merkezi bilen habarlaşyp Aşgabat şäherine gelmezden hem terjime hyzmatyny alyp bilersiňiz.

+993 63 78 96 73 ýa-da 993 12 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri