BIZNES

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Türki döwletleriň Söwda-senagat edarasynyň garamagyndaky Zenan işewürleriniň baş assambleýasynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Bu çärä Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de Türki maýa goýum gaznasynyň goldaw bermegine geçirildi.

Bu möhüm çärä Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Özbegistandan üstünlikli iş alyp barýan zenan telekeçileriň 200-den gowragy, şeýle hem hökümet wekilleri, maýadarlar hem-de bilermenler gatnaşdy. Mejlisiň barşynda türki dünýäsinde zenanlaryň ykdysady ornuny güýçlendirmek babatda pikir alşyldy.

Mejlisde çykyş eden Türki döwletleriň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Adem Kula türki döwletleriň birleşmegi bilen sebitde strategik ähmiýete eýe bolan sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkin boljakdygyny belledi.

Şeýle hem çäräde zenanlaryň strategik taýdan möhüm bolan senagat, dag magdany, gaýtadan işleýän senagat we energetika pudaklaryndaky ornuna üns çekildi. Oňa gatnaşyjylar zenanlaryň ykdysadyýetdäki ornuny has-da güýçlendirmegiň ähmiýetini bellediler.

Forumda türki dünýäsiniň zenan telekeçileriniň üstünlikleri beýan edildi. Şeýle hem forumyň netijeleri boýunça türki dünýäsiniň zenanlarynyň işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ähtnama gol çekildi.

Bu resminama sebitde hyzmatdaşlygyň möhüm bölegine öwrüljek  “Turkic Business Hub” halkara başlangyjyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Geljekde zenan işewürleriniň geňeşi öz adyny “Turkic World Business Women” – Türki dünýäsiniň zenan işewürleri hökmünde atlandyrmagy maksat edinýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türki döwletleriň Söwda-senagat edarasynyň çäginde Zenan işewürleriniň geňeşi döredildi. Bu geňeşiň başlyklygy 2 ýyl Gazagystan alyp barar.

2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriň Söwda-senagat edarasynyň agzasy bolupdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy