DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkant sammiti

Ýene-de birnäçe günden, has takygy 11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde geçiriler.

Mundan ozal, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi hökmünde hereket edýän bu gurama 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda geçirilen sammitinde Türki Döwletleriň Guramasy adyna eýe boldy.

Bu guramanyň düýbi 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň başlangyçy bilen gol çekilen Nahçywan ylalaşygy bilen döredildi.

Gurama täze adyna eýe bolmak bilen halkara gatnaşyklar arenasynda has giň gerime eýe boldy. Guramanyň düzüminde birnäçe düzümler döredildi. Olaryň hatarynda – türki döwletleriň Parlament Assambleýasy, Halkara türki döwletleriň akademiýasy, Halkara türki döwletleriň medeniýeti we mirasy gaznasy, Daşary işler ministrleriniň geňeşi, Aksakgallar geňeşi bar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň sekretariaty Stambulda hereket edýär.

Gurama agza döwletler: Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan.

Synçy döwletler: Türkmenistan we Wengriýa.

Geosyýasy taýdan uly ähmiýete eýe bolýan Türki Döwletleriň Guramasy 242362 inedördül meýdany hem-de 150 milliondan gowrak ilaty özünde jemleýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň umumy içerki önümi 1,2 trillion dollara deňdir, ol hem Aziýanyň jemi içerki önüminiň 5,5 göterimine deňdir. Sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýeti işjeň ösdürilýär. Senagat boýunça ýyllyk ösüş depgini 8-12 göterime deňdir. Türki Döwletleriň Guramasynyň söwda dolanyşygy 21 milliard dollara deňdir.

 

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy