BIZNES

Türki Döwletleriň Guramasynyň Maýa goýum gaznasy dörediler

Şu gün 11-nji noýabrda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda gurama agza döwletleriň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň 11-nji duşuşygy geçirildi. Onda gurama agza we synçy döwletleriň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Söwda, maýa goýum, ulag we umuman alanyňda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky başlangyçlary durmuşa geçirmek arkaly Guramanyň ähli gatnaşyjy we synçy ýurtlarynyň ykdysady ösüşini çaltlaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalar boýunça pikir alşyldy.

Hususan-da, söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Maýa goýum gaznasyny döretmek baradaky Ylalaşygy tamamlamak we gol çekmek boýunça ylalaşyldy. Maýa goýum gaznasynyň döredilmegi köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer.

Şeýle hem, sammitiň çäginde Guramanyň ýurtlarynyň arasyndaky söwdada mukdar we nyrh däl çäklendirmeleri aradan aýyrmaga kömek etjek “Söwda aňsatlaşdyryş strategiýasy” gol çekiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler