DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirildi. Oňa Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyzystan Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliyew, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda TDG çäginde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary – ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlary, ulag, sanlylaşdyrmak, energetika, oba hojalygy we beýleki ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da öň kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilmegi we guramanyň iş mehanizmleriniň kämilleşdirilmegi seredildi.

Azerbaýjanyň guramanyň agza ýurtlara goýan maýa goýumlarynyň möçberi 21 milliard dollara golaýlady. Bu barada Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow duşuşykda belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk