DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-nji sammiti Gazagystanda geçiriler

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew Merkezi Aziýa döwletlerinde hem-de Azerbaýjanda saparda boldy. Onuň soňky amala aşyran saparlarynyň biri Gazagystan Respublikasy boldy.

Bu ýerde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşan  Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň  Türki Döwletleriň Guramasynyň esaslandyryjylarynyň biri hökmünde Türki döwletler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, guramanyň sekretariatynyň işine goldaw bermäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Gazagystanyň Prezidenti häzirki döwürde guramanyň türki halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm meýdança öwrülendigini belläp, gurama bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmaga köp sanly döwletleriň we halkara guramalaryň gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Taraplar Samarkant şäherinde geçirilen sammitde kabul edilen ylalaşyklaryň we öňe sürlen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi babatda pikir alyşdylar.

2009-njy ýylda döredilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 2023-nji ýyldaky 10-njy ýubileý sammitini Gazagystanda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi