DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasy üçtaraplaýyn sammite ýokary baha berdi

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew  “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammite ýokary baha berdi.

– Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň netijelerinden uly hoşallyk bildirmek isleýärin. Bu sammit birleşmek we üç dogan halkyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we türki dünýäsiniň ýagty geljegi üçin edýän tagallalaryna goldaw bermek üçin örän möhüm pursatdyr – diýlip, Baş sekretar Kubanyçbek Ömüraliýewiň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Baş sekretar Kubanyçbek Ömüraliýew: “Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Liderleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar, söwda, medeniýet, energetika we ulag ýaly ugurlarda gol çekilen dürli resminamalar, Türki Döwletleriň Guramasynynyň çäklerinde hem  hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy berkitmäge we özara gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşar” diýip belledi.

Şeýle hem guramanyň ýolbaşçysy Azerbaýjan, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň doganlyk döwletlerimiziň arasynda bar bolan güýçli raýdaşlygy berkitmäge hyzmat etjekdigini we şübhesiz tutuş türki dünýäsini birleşdirmek  üçin möhüm ädim bolup durýandygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň ýolbaşçysy Binali Ýyldyrym hem özüniň jemgyýetçilik torundaky sahypasy arkaly beren beýanatynda Türkmenistanyň tebigy gazynyň dünýä bazaryna iberilmegi bilen baglanyşykly garaýyşyny beýan edipdir.

Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýäniň üsti bilen dünýä bazaryna çykarylmagynyň Türkiýe, sebit ýurtlary, Ýewropa we tutuş dünýä üçin energetika howpsuzlygy babatda uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk