MEDENIÝET

Türki dilli döwletleriň aýdymçylary «Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymyny ýerine ýetirdiler

Paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymynyň türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu halkara medeni çäre ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň türki dilli halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda, özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň milli medeniýetini, sungatyny özara baglanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini görkezdi. Bular barada dost-doganlyk ruhunda geçirilen bu halkara medeni çärä gatnaşan Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Moldowanyň Gagauz ülkesiniň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň aýdymçylary gutlag sözleri bilen çykyş edenlerinde hem aýratyn nygtadylar. Şonuň bilen birlikde, olar döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişip, işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

«Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymynyň türki dilli halklaryň sungat ussatlary tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilmegi türkmen dutaryna, halkymyzyň milli aýdym-saz sungatyna goýulýan hormat-sarpanyň uludygyny, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň barha ösdürilýändigini ýene-de bir ýola aýdyň subut etdi.

 

ÝUNOPS Türkmenistana döwrebap lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti ýaş aýdymçylaryň 10-syny ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglady

“Magtymguly Pyragy” atly çeper filmi Özbegistanda “Iň gowy film” saýlandy