MEDENIÝET

Türk serialyndaky türkmen aktrisasy

Golaýda türkmen pälwany, türgeni Döwletjan Ýagşymyradowyň Türkiýäniň “ATV” teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän “Kuruluş Osman” teleserialynda keşp janlandyrandygy baradaky habarlary okyjylar köpçüligine ýetirdik.

Ýöne, görüp otursak, bu teleserialda ozal bäri, ençeme seriýada keşp janlandyran başga bir türkmen gyzynyň bardygyny hem bilip galdyk. Ol türkmen gyzymyz Gözel Rowşanowadyr.

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnaly hökmünde Gözel Rowşanowa bilen onuň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky hasaby arkaly habarlaşdyk. Oňa birnäçe sowallar bilen ýüzlendik. Ol hem biziň sowallarymyza uly höwes bilen jogap berdi.

Gözel bu türk serialynda 49-njy seriýadan bäri keşp janlandyryp gelýär. Häzirki wagtda bu serialyň 98-nji bölümi ýaýlyma berildi we möwsümleýin arakesme çykyldy.

1995-nji ýylda doglan Gözel Rowşanowa 2012-nji ýylda Türkiýe Respublikasyna barýar. Ol Türkiýe Respublikasynda sungat ugry boýunça bilim aldy. Gözel Stambul şäherindäki Stambul Aýdyn uniwersitetiniň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň drama we aktýorlyk bölümini tamamlady. Häzirki wagtda ol şol uniwersitetde sahna sungaty boýunça aspirantura okuwyny dowam etdirýär.

Ol türk serialynda keşp janlandyryp başlan ilkinji türkmenistanly boldy. Soňra Döwletjan bu topara goşuldy.

Gözel özüniň türk serialynda keşp janlandyrmagyň uly tejribe bolup durýandygyny belläp, bu ýerde onuň sungata bolan ukybyna uly baha berlendigini mälim etdi. Daşary ýurtly aktýorlar bilen keşp janlandyrmak oňa kyn düşmändir. Ol doganlyk ýurt bolan Türkiýäniň sungat işgärleriniň tagallalary bilen seriala çalt girişendigini belledi.

Gözel serialda Alaja hatunyň keşbini janlandyrýar. Bu serial 2019-njy ýylda ýaýlyma berlip başlandy. Onuň esasy mowzugy Osman imperiýasynyň esaslandyryjy Osmanyň durmuşyny açyp görkezmekden ybaratdyr.

“Bozdag film” kompaniýasy tarapyndan surata düşürilýän bu film 2014-2019-njy ýyllarda “TRT” teleýaýlymynda ýaýlyma berlen “Diriliş Ertugrul” serialynyň dowamydyr.

 

Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

 

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary