BIZNES

“Turan.app” – türki dünýäsiniň maliýe goşundysy

Mälim bolşy ýaly, şu günler paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär. Oňa dünýäniň dürli döwletlerinden halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň hem maliýe we ykdysadyýet düzümleriniň wekilleri bar.

Bu iri foruma gatnaşmaga gelen türki döwletleriň çäginde iş alyp barýan “Turan.app” maliýe goşundysynyň esaslandyryjysy Özgür Baýraktar bilen “Ata Watan Media” topary bolup söhbetdeş bolduk.

Özgür Baýraktar söhbetdeşligiň barşynda dünýäde sanly ulgamyň giň gerimde ornaşdyrylýan döwründe “Turan” atly 100 göterim sanly ulgamda türki döwletleriň arasynda pul geçirimleri amala aşyrmak maksady bilen maliýe goşundysyny döredendigini belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu maliýe goşundysyna gyzyklanma yzygiderli artýar we häzirki wagtda 500 müňden gowrak ulanyjy bar. Türki döwletleriň arasynda sanly köpri hyzmatyny bermek ugrunda tagallalar edilýär.

Özgür Baýraktar bu ähli işleriň resmi taýdan bank ulgamynda ulanylýan düzgünlere we düzgünnamalara laýyklykda amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtap geçdi.

Türkmenistandaky maýa goýum forumyna hem gatnaşmagynyň esasy ugurlarynyň biriniň Türkmenistanda hem bu maliýe goşundysyny tanyşdyrmak isleýändigini bellän Özgür Baýraktar bank ulgamynyň we maliýe-hukuk ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň göz öňünde tutulandygyny aýtdy.

Özgür Baýraktar Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Özgür Baýraktar 2022-nji ýylda “Turan” atly maliýe goşundysyny işläp düzdi. “Turan” – täze nesil maliýe goşundysy bolup, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan türki döwletleriň ulanyjylaryna maliýe zerurlyklaryny amala aşyrmaga hem-de gysga wagtda halkara pul geçirimlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu programma arkaly ulanyjylar halkara pul geçirimlerini geçirip, galtaşyksyz tölegleri amala aşyryp we fiziki ýa-da wirtual “Turan” kartoçkasy arkaly dünýäde söwda edip bilerler. Programma türki döwletleriniň arasynda maliýe köprülerini döretmek arkaly ulanyjylaryna ygtybarly we tygşytly hyzmatlary hödürlemegi maksat edinýär. Mundan başga-da, dürli dillerde bolmagy giň ulanyjylary özüne çekýär.

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler