JEMGYÝET

Türkmenistan-Laos: diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulite we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Laos Halk Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine onuň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Thonglun Sisulite tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy