SPORT

Türkmen hokkeýçileriniň Hytaýdaky uly hasaply ýeňişleri

Şu günler türkmenistanly hokkeýçiler 7-14-nji fewral aralygynda Hytaýda geçirilýän IX gyşky Aziýa oýunlarynda çykyşlaryny üstünlikli dowam etdirýärler.

Häzirki Aziadada Oýunlaryň açylmagyndan dört gün öň hokkeý ýaryşlary başlady. Bu ýaryşlara gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndysy Makaonyň ýygyndysyny 26:0 hasabynda utdy. Türkmen hokkeýçileri ikinji duşuşygynda Hindistanyň ýygyndysyny 19:1 hasabynda utdy.

Harbindäki hokkeý ýaryşyna 14 ýygyndy gatnaşýar. “A” toparçasynda: Hytaý, Ýaponiýa, Gazagystan, Koreýa Respublikasy, Tailand we Hytaý Taýbeýi çykyş edýär. “B” toparçasynda Baýreýn, Kuweýt, Gyrgyzystan we Singapur bäsleşýän bolsa, “Ç” toparçada Gonkong, Hindistan, Makao we Türkmenistan bäsleşýär.

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysyny IХ gyşky Aziýa oýunlarynda 18 hokkeýçi bilen Içeri işler ministrliginiň “Galkan” toparyndan 18 hokkeýçi hem-de Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrliginiň “Şir” toparyndan 3 hokkeýçi bilen wekilçilik edýär.

Gyşky Aziýa oýunlary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine (AOG) agza ýurtlar üçin her dört ýylda bir gezek geçirilýän köp görnüşli sport çäresidir. Şunuň ýaly oýunlaryň ilkinjisi 1986-njy ýylda Sapporoda (Ýaponiýa) geçirildi.

Hytaýda geçirilýän gyşky Aziýa oýunlaryna görlüp-eşidilmedik derejede köp sanly – 34 ýurtdan 1275 (755 erkek we 520 zenan) türgenleri bir ýere jemledi, olar ýaryşyň 11 görnüşi boýunça – konkili ýaryşda, erkin usulda, şort-trekde, lyžaly ýaryşda, snoubordiňde, biatlonda, figuralaýyn typmakda, dag lyžasynda, körliňde (egrem-bugram ýol geçmekde), dag lyžasynda (şaglap gaýtmakda) we buz üsti hokkeýde 64 toplum medallar ugrunda bäsleşerler.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy