BIZNES

TSTB şu gün 13 ýaşady

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 13 ýyl bolýar.

Şu mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň 17-18-nji martda geçiriljek sergisiniň hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň netijeleri hususy pudagyň depginli ösüşlere beslenýändigine doly şaýatlyk eder. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşen hususy kärhanalar öz gazanan üstünlikleri bilen çykyş ederler.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada hem nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi we 2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, guramanyň işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslarynyň kesgitlenmegi telekeçiligi ösdürmekde möhüm ädim boldy. Häzirki döwürde birleşmäniň 26 müňe barabar agzasy bolup, ol ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biridir.

 

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellendi

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýyllyk meýilnamasyny 6,7 göterim artyk ýerine ýetirdi

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler