BIZNES

TSTB-niň kärhanalarynda haryt dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhana-agzalarynyň şu ýylyň bäş aýyndaky dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 göterim ýokarlandy. Bu barada tstb.gov.tm saýtynda bellenilip geçilýär.

Söwda toplumynyň we TSTB-iň 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlaryndaky işleriniň netijelerine bagyşlanan mejlisde hususy pudagyň gazanýan üstünlikleri barada durlup geçildi.

Hasabat döwründe ilata hyzmat edýän hususy kärhanalaryň pul dolanyşygynyň 3,1 göterim, gurluşyk we gurnama işleri bilen meşgullanýanlaryň bolsa, 1 göterim artandygy habar berildi.

2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda hususy pudakda senagat önümçiligi 6,6 göterim, oba hojalygyk önümçiligi bolsa 26 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem, görkezilen döwürde TSTB-iň agzalarynyň sany 7 göterim artdy we 26 müň 200-e ýetdi.

 

Türkmenistan we Serbiýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder