BIZNES

TSTB: hususy himiýa zawodyny gurmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hlor kislotasyny, kalsiý hloridi we gidrokloridi öndürmek üçin hususy himiýa zawodyny gurmagyň mümkinçiligini öwrenýärler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Täze önümçilik üçin çig mal hökmünde ýurdumyzyň Balkan welaýatynda kaustik sodanyň öndürilmeginde goşmaça önüm bolan hlor ulanylar. Täze önümler himiýa we nebit-gaz pudaklarynda giňden ulanylar we import edilýän meňzeş önümleriň ornuny tutar.

Häzirki wagtda taslamany durmuşa geçirmek üçin maslahat degişli gözlegler geçirilýär. Desganyň gurluşygy üçin ýerli we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

 

17-nji awgustdaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder