JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze — 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Täze ýylda hem size üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin!

Täze, 2020-nji ýyl — türkmeniň müçe hasabyndan syçan ýyly. Syçanyň esasy häsiýeti zähmetsöýerlik, işeňňirlik, kynçylykdan gorkmazlyk, töwekgellik bolup, ol arman-ýadaman işleýän jandar. Şonuň üçin hem syçan ýylynda bol hasyla garaşylýar. Mähriban halkymyz 2020-nji ýyly uly ynam bilen garşylaýar.

2019-njy ýylda biz il-ýurt bähbitli özgertmeleri amala aşyrdyk. Giň gerimli işlere badalga berdik. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawody işe girizdik.

Paýtagtymyzda we ähli sebitlerde täze mekdepleri, çagalar baglaryny, köçeleri, köp sanly beýleki desgalary açdyk. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň toýlaryny tutdular. Suw arassalaýjy desgalar, ýyladyşhana toplumlary, beýleki desgalar açylyp, müňlerçe täze iş orunlary döredildi.

2019-njy ýyl tutumly işleriň başy başlanan ýyl hökmünde-de ýatda galar. Biz ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berdik. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbüni tutduk. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki «Akýaýla» suw howdanynyň töwereginde durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berdik.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde biz döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly wezipeleri kesgitledik. Ýurdumyzy 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makulladyk.

Biz täze ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet durmuşynyň örän möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarys.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Merdana daýhanlarymyz bereketli türkmen topragyndan şu ýyl hem bol hasyl öndürip, Watan harmanyna 1 million 651 müň tonnadan gowrak bugdaý, 1 million 60 müň tonnadan hem köp «ak altyn» tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Miwe, gök-bakja önümleriniň, beýleki ir-iýmişleriň hem bol hasyly öndürildi.

Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!

Biz Garaşsyz Watanymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny döretdik. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda, paýtagtymyzda we sebitlerde saglygy goraýyş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Halkymyzyň saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr. Şoňa görä-de, biz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn üns berýäris.

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesi hereket edýär. Biz bu ýerde 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirdik. Nesip bolsa, täze ýylda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny, Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşy we Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçireris.

Biz bilim ulgamyny has-da ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris.

Garaşsyz döwletimiziň ösüşi, halkymyzyň abadançylygy ylym bilen hem berk baglydyr. Sazlaşykly ösýän kuwwatly döwlet hökmünde ata Watanymyz dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulýar.

Biz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipelerini anyk kesgitledik. Garaşsyz ýurdumyzyň dünýädäki ornuny has-da berkitmegi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýäris.

Ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty Birleşen Milletler Guramasynda uly goldaw tapýar. Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň dürli düzümlerine saýlanmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Şu ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy boýunça bu gurama bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky Kararnamany, sentýabr aýynda bolsa 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi.

Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk etmek halkara syýasatymyzyň strategik ugrudyr we şeýle bolmagynda galar.

Türkmenistan 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hem başlyklyk etdi. Bu döwürde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça maksatlarymyza laýyklykda, guramaçylykly geçirilen çäreler Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlaryndaky abraýyny has-da artdyrdy.

Awgust aýynda biz birinji Hazar ykdysady forumyny, onuň çäklerinde Hazar innowasion tehnologiýalar boýunça halkara sergisini, şeýle hem «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergisini geçirdik. Bu möhüm çäreler Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Biz mundan beýläk-de halkara guramalar bilen arkalaşykly işläris. Dünýäniň dürli döwletleri bilen gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdüreris. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornuny we abraýyny has-da berkideris.

Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!

2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýany kabul edenine 25 ýyl dolýar. Bu abraýly halkara gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr.

Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etdi. Bu bolsa biziň daşary syýasatymyzyň dünýäde uly goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Nesip bolsa, biz 2020-nji ýylda berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny giňden belläp geçeris.

Hormatly watandaşlar!

2019-njy ýylda milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak hem-de wagyz etmek boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiziň aýdyň mysalydyr. Geljekde hem ruhy baýlygymyz bolan medeniýetimizi ösdürmäge uly üns bereris.

Biz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan etdik.

Hormatly adamlar!

Biz halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrýarys. Şu syýasatymyzy biz yzygiderli alyp bararys.

Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!

Ýene-de az salymdan biz Täze — 2020-nji ýyly garşy alýarys. Goý, Täze ýyl parahatçylygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýyly bolsun! Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyzda agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!

Eziz watandaşlar!

Täze — 2020-nji ýylyňyz gutly bolsun!

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys