JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.

Milli Liderimiz gün tertibine geçmezden öňürti, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde sanly ykdysadyýete bütin dünýäde geljekki ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz her hepdäniň duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda ýurdumyzy we onuň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatlaryň ykdysadyýeti Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Hepdäniň anna güni geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa, wise-premýerler gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň ýerine ýetirýän işleri we hepdäniň dowamynda görlen çäreler barada hasabat bererler. Şonuň esasynda täze wajyp wezipeler kesgitleniler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de bahalary düzgünleşdirmek baradaky kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Geçirilen seljermelere laýyklykda, içerki bazar üçin bahalary we nyrhlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek baradaky teklipler hem-de degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üçin kanunçylyk, administratiw we býujet-maliýe çäreleriniň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hökümet tarapyndan bahalary emele getirmek ulgamynyň düzgünleşdirilmeginiň bazarda bäsdeşlik ýagdaýyny saklamaga, durmuş ugurly syýasaty geçirmäge ýardam edýändigini aýdyp, ýokarda agzalan ulgama gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip we ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly ugradyp, wise-premýere ýokarda aýdylanlardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy. Wise-premýer welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi. Şu günler agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ösüş suwy tutulyp, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, şeýle hem haşal otlara we zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça işler geçirilýär.

Şonuň bilen birlikde, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, häzirki wagtda ýerleri tekizlemek, geriş çekmek we ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, tohumçylyk hojalyklarynda we ylmy-önümçilik synag merkezlerinde gowaçanyň görnüşleri boýunça ýerleşdirmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilen gök, bakja we ýeralma ekinleriniň ekiljek ýerleri kesgitlenip, şol ýerleri ekişe taýýarlamak işleri geçirilýär. Şeýle hem häzirki wagtda ýazlyk ýeralma we sogan ekinlerini ekmek işlerine girişildi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýdanlarda geçirilýän, bereketli hasylyň esasyny tutýan işleriň möhümdigini belledi hem-de şol işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehnikalara doly laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, ekerançylyk sungatynda uly üstünlikleri gazanan ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesini dikeltmek boýunça maksada laýyk işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Bu tagallalar ekinleriň hasyllylygyny artdyryp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen kararlaryň taslamalaryna gol çekip, resminamalary şol wagtyň özünde elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şol birwagtda sanly wideoaragatnaşyga Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowy çagyrdy. A.Ýazmyradow türkmen wekiliýetiniň Ýewropa ýurtlarynyň birine amala aşyran iş saparynyň netijeleri hakynda hasabat berdi. Saparyň barşynda oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de dürli suw hojalyk desgalaryny gurmak babatda dünýä tejribesiniň öwrenilmegine üns berildi.

Şeýle hem suw hojalygyny has-da ösdürmek, oba hojalyk ýerlerini suw bilen durnukly üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklary boýunça görülýän goşmaça çäreler hem-de ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň ilatynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösdürilmeginiň daşky gurşawy goramagyň, türkmenistanlylaryň amatly durmuş şertlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu ugurda iri maýa goýum taslamalary, şol sanda Garagum derýasynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Paýtagtymyzyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda döwrebap suw arassalaýjy desgalar, suw howdanlary gurulýar we öňden barlarynyň göwrümi giňeldilýär, goşmaça suw gorlaryny döretmek, oba hojalyk ýerlerini suwarmak, öri meýdanlary suwlulandyrmak, ilatly ýerleri, halk hojalyk desgalaryny we ekin meýdanlaryny sil suwlaryndan goramak üçin niýetlenen gidrotehniki desgalar gurulýar.

Suw hojalyk pudagynyň tehniki binýady maksada laýyk berkidilýär, onuň döwrebaplaşdyrylmagyna uly möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär.

Ekin meýdanlaryny suwarmagyň meseleleri täzeçe usullar arkaly çözülýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden zeý suwlaryny ýygnamak üçin Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu täsin taslama Türkmenistan üçin bolşy ýaly, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem möhüm ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Onuň amala aşyrylmagy sebitiň ekologiýasyna oňaýly täsir edýär.

Umuman, bularyň hemmesi dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, degişlilikde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga ýardam edýär.

Suw gorlaryny tygşytly ulanmaga ýardam edýän oba hojalygy bilen bir hatarda, döwrebap, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar, öňdebaryjy ylmy-tehniki işler durmuş we şähergurluşyk ulgamlarynda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde çelgi bolup durýar.

Suw hojalygynyň kuwwatyny netijeli ulanmaga, bu ulgamyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen, döwlet Baştutanymyz suw hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2018-2030-njy ýyllar üçin maksatnamasyny mundan beýläk-de amala aşyrmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň suw gorlaryny aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyna uly goşant goşýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, «Rio+20» Bütindünýä sammitiniň, Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä Suw forumynyň, geçen ýyl Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen BMG-niň hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan «Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň belent münberlerinden beýan edilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan bu başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Durnukly ösüşiň maksatlary bilen gös-göni baglydyr. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bar.

Suw meseleleri Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde halkara guramalary bilen özara gatnaşyklarynyň ileri tutýan ugrudyr.

Häzir bu meselä durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiki meýilnamalaryndan hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurdan üzňe garalyp bilinmez. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň her biriniň bähbitlerini nazara almak bilen, BMG hem-de beýleki abraýly düzümler bilen özara gatnaşyklarda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ähli degişli meselelere seretmek we çözmek ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän suw meselesi boýunça maslahatda Türkmenistanyň bu babatda öňe sürýän tutuş adamzat ähmiýetli wajyp başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere suw diplomatiýasy babatda döwletimiziň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew «Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menzilini gurmak hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Kerki şäherinde howa menzilini gurmak barada halkara bäsleşigiň yglan edilendigi bellenildi. Şonuň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Gündogdy»hususy kärhanasy ýeňiji boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň we «Gündogdy» hususy kärhanasynyň arasynda degişli gurluşyk işlerini geçirmek boýunça şertnamanyň baglaşylandygy barada habar berildi. Mundan başga-da, wise-premýer howa menzilini döwrebap enjamlaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Fransiýanyň dünýäde belli «Thales» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde ýolagçylara hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän döwrebap howa menzilleriniň hem-de islendik görnüşdäki uçarlary kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolaklarynyň gurluşygy barada aýdyp, munuň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösen düzümini döretmek, howpsuzlygy hem-de ygtybarlylygy üpjün etmek maksady bilen, ony iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça umumy strategiýanyň bir bölegidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hyzmatlaryň ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini, täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda «Thales» fransuz kompaniýasy bilen tejribe we peýdaly täzeçil işläp taýýarlamalary alyşmagyň zerurdygyny belledi. Bu kompaniýa ýokary tehnologiýaly elektron ulgamlaryny, şol sanda awiasiýa tehnikasy we raýat awiasiýasy üçin ulgamlary işläp taýýarlamakda hem-de öndürmekde ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de Kerki şäherinde howa menziliniň gurulmagynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltjekdigini hem-de howa ýollary arkaly ýük daşalmagynyň we ýolagçy gatnadylmagynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini belledi we bu desgany gurmagyň hili we möhletleri babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew «Aşgabat şäherinde Welosiped binasyny gurmak hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan bina Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda oturdylar.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşiginiň yglan edilendigi, bäsleşigiň netijeleri boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasyna desgany bina etmek ynanylandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip, yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli oturdyljak binanyň taslamasynda halkymyzyň baý taryhynyň hem-de häzirki gazanýan üstünlikleriniň şöhlelenmelidigini nygtady. Türkmen topragy häzirki wagtda täze hil derejesinde gaýtadan dikeldilýän şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýär.

Häzirki wagtda welosiped adamzadyň iki ýüz ýyldan gowrak peýdalanyp gelýän ekologiýa zyýansyz ulagyň nusgasydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Mundan başga-da, welosiped sporty ekologiýa abadançylygyna hem-de adamyň saglygyny berkitmäge ýardam berýän bütin dünýäde sportuň iň meşhur görnüşleriniň biridir.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, geljekde paýtagtymyzyň nyşanlarynyň birine öwrülip, bu ajaýyp heýkeltaraşlyk kompozisiýasynyň özünde oňyn kalby joşgunlylygy jemlemelidigini, Türkmenistanyň belent döredijilik ruhuny, onuň ynsanperwer gymmatlyklara hem-de halkara sport hereketine ygrarlydygyny, gülläp ösüşe we rowaçlyga ymtylyşyny alamatlandyrmalydygyny nygtady.

Bina gurlanda gurluşyk we binagärlik ulgamynda iň oňat tejribäni peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz wise-premýere desgadaky işleri bellenen meýilnamalara laýyklykda alyp barmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça onuň dessine ýerine ýetirilmegi üçin wise-premýere ugradyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ministrligiň garamagynda 184 kärhana, olaryň her biriniň düzüminde bolsa söwda nokatlary bolup, sanly ulgamyň üsti bilen söwda kärhanalarynyň ammarlaryna gelip gowuşýan harytlar, şolaryň dükanlara goýberilişi, alyjylara satylýan möçberi we haryt galyndylary baradaky elektron hasabat onlaýn tertipde ýörediler.

Bu ulgamyň kömegi bilen kärhananyň hünärmenleri iş ýerlerinde harytlaryň görnüşleri boýunça her bir dükanyň üpjünçiligi barada maglumat alyp, galyndyda azalan harydyň görnüşini haýal etmän, merkezi ammardan goýbermäge mümkinçilik alar. Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy haryt iberijiler bilen hasaplaşyk geçirilişi barada maglumat ýöretmäge we algy-bergiler boýunça hasaplaşyklary gündelik gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berer.

Şonuň bilen birlikde, alyjylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, internet ulgamynda ýörite saýt dörediler. Bu saýtda her bir dükanyň ýerleşýän ýeri, telefon belgileri, şeýle hem onda satylýan harytlaryň hil görkezijileri, öndürilişi, gaplanylyşy, ulanyş möhleti baradaky we beýleki maglumatlar ýerleşdiriler. Alyjylar özlerine gerekli harydy elektron sargyt esasynda getirdip bilerler hem-de sorag-jogap arkaly gerekli maglumaty alyp bilerler. Bu ulgam içerki bazarda alyjylaryň isleglerini öwrenmäge mümkinçilik berer.

Haryt dolanyşygynyň sanly ulgamyny ornaşdyrmak boýunça programma üpjünçiligini ministrligiň kompýuter tilsimaty ugrunda ýöriteleşdirilen kärhanasynyň güýji bilen ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Täze ulgamy ornaşdyrmak işini Aşgabatdan başlamak we soňra ony welaýatlarda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we sanly ulgam bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz elektron haryt dolanyşyk ulgamynyň we alyjylar üçin täze hyzmatlaryň ornaşdyrylmagynyň söwda işgärleriniň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrjakdygyny hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrjakdygyny aýtdy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda öndürilýän harytlar baradaky anyk maglumatlar, şolaryň satylyşy hakyndaky seljerme işleri türkmen önüm öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we eksport kuwwatyny artdyrmaga itergi berer. Döwlet Baştutanymyz söwda pudagyndaky täzelikleriň ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam etjekdigini nygtap, bu ulgamyň ornaşdyrylmagyna berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa mart aýynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine hem-de milli senenamamyzyň şanly senelerine, bu senelere gabatlanan medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Halkara zenanlar gününe we Milli bahar baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsertler, sahna oýunlarynyň görkezilişleri, dürli duşuşyklar we bäsleşikler, sergiler, ylmy maslahatlar, wagyz ediş-bilim beriş çäreleri hem-de sport ýaryşlary düzýär.

Tutuş ýurdumyz boýunça däbe görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň adyndan gelin-gyzlarymyza pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Paýtagtymyzda bahar baýramçylyklarynyň öňýanynda paýtagtymyzda birnäçe bäsleşikleriň jemi jemleniler.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli maslahat we «Ene mähri»diýen ady dakmak dabarasy geçiriler.

Däp-dessurlary gadymyýetiň jümmüşine uzap gidýän Milli bahar baýramyna gabatlanyp, uly dabara geçirmek maksat edinilýär, ol 21 — 22-nji martda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda we «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda geçiriler.

Soňra wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwürleýin metbugatynyň elektron görnüşlerini döretmek hem-de olary okyjylara öz wagtynda ýetirmek üçin sanly ulgamy peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «metbugat.gov.tm» saýtynda «Rowaçlyk» sahypasy döredildi, döwürleýin neşirleriň makalalary bilen dessine tanyşmaga mümkinçilik döredýän «Gazetler» we «Žurnallar» bölümleri işläp başlady.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygarly ýylymyzda ýurdumyzda geçirilýän ähli ynsanperwer çäreler aýratyn many-mazmun bilen baýlaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de medeniýet ulgamyndaky syýasatyň döwletimiziň durnukly ösüş strategiýasynyň esasy şertleriniň biridigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ilaty milli gymmatlyklara giňden çekmegiň, şahsyýetiň ruhy we ahlak taýdan ösüşiniň, durmuş we ykdysady özgertmeler işinde medeniýetiň eýeleýän ornuny güýçlendirmegiň ähmiýetini nygtady. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän halkymyzyň ynsanperwer däp-dessurlaryny, şol sanda maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga degişli däpleri wagyz etmäge, bu işlere ýaşlary, gadymdan bäri maşgala ojagyny, ýakynlaryna hem-de gurşap alan dünýämize ýaraşyk berip, mähirliligi saklap gelýän gyzlary we zenanlary giňden çekmäge aýratyn üns bermek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de şu babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmek baradaky meselelere degip geçip, bu dabaralaryň parahatçylygy, ylalaşygy, gözelligi alamatlandyrýan, hemmeleriň söýgüli bu nurana baýramçylygyň ruhuna laýyk gelmelidigini belledi. Hemme ýerde, paýtagtymyzda, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda milli däplerimize laýyklykda halkymyzy täze ajaýyp we beýik işlere ruhlandyrýan köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwürleýin neşirleri ýaýratmakda Internetiň we döwrebap sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň ähmiýetine ünsi çekip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dessine işlemeginiň hem-de ýaýrawynyň giň bolmagynyň olaryň üstünliginiň we meşhurlygynyň girewidigini belledi. Habar beriş serişdeleriniň täze şertlere uýgunlaşmagy boýunça täze wezipeleri çözmek üçin strategiýalara täzeden garamak zerurdyr, şol strategiýalar metbugat habar beriş serişdelerine sanly eýýamda üstünlikli işlemäge hem-de täze ýörelgeleri eýelemäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ylym hem-de bilim ulgamyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2019-njy ýylda aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň hem-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklamak hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly ýokary ösüş depginlerini gazanmak, şeýle hem sanly ykdysadyýeti dolandyrmak üçin ýaş alymlary, inŽener-tehnologlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek üçin anyk wezipeler kesgitlenildi.

Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin aspirantura, ordinatura we doktorantura kabul ediljekleriň nobatdakysyny hasaba almak boýunça degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ykdysadyýeti kemala getirmek işi babatda ylmy ösdürmegiň örän möhümdigini aýtdy. Şunda döwlet Baştutanymyz ylmyň we önümçiligiň has ýakyn gatnaşykda bolmagynyň, onuň tehnologiýa netijeliligini hem-de durmuş-ykdysady ösüşine täsirini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň ylym mekdebiniň ýagdaýy we geljegi hünärmenleri taýýarlamak ulgamyna hem baglydyr. Ylmy-barlag işlerine ýaş hünärmenleri has işjeň çekmek, talyplaryň ylmy-tehniki işleri üçin şertleri döretmek, olaryň has zehinlilerini ýüze çykarmak we höweslendirmek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy we degişli Buýruga gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet, jemgyýet, onuň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak üçin ylmy ösdürmegiň uly ähmiýetini nygtap, durmuş-ynsanperwer bilimiň aýratyn ugrukdyryjy ornuny belledi. Pedagogika, ynsanperwer ylymlarynyň ösüş derejesi bilen jemgyýetiň ruhy ýagdaýynyň, ýaşlary terbiýelemegiň, onuň durmuş ýörelgesiniň hem-de gymmatlyklardan ugur almagyň kemala gelmeginiň arasyndaky baglanyşyk aýdyňdyr. Şu babatda bizde mirasa, halk däplerine daýanýan uly tejribe toplandy, diýip milli Liderimiz aýtdy.

Olary giňden wagyz etmegiň, ösüp gelýän nesilleri terbiýelemekde, çagalaryň irki ýaşlaryndan başlap, olarda ahlak ýörelgeleriniň kemala getirilmeginde peýdalanmagyň täze görnüşlerini tapmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de maşgala däpleriniň we gymmatlyklarynyň şahsyýeti ösdürmegiň aýrylmaz bölegidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň medeni-mirasynyň bir bölegi hökmünde özüňi alyp barmagyň kadalary we düzgünleri çagalarda belent ahlak häsiýetlerini terbiýelemegiň serişdeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady hem-de bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek, bu möhüm işlere jemgyýetçilik guramalaryny, bilim edaralaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmek barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow milli Liderimiziň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu sebit ykdysady, ylmy-tehnologik we senagat taýdan okgunly ösýär. Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň hatarynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly esasy ýurtlary bar. Şol döwletler bilen deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, netijeli syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, ulag, ynsanperwer ulgamlarda hem-de parlamentara derejesinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar.

Şunda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklara, Hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň, Türkmen-ýapon komitetiniň, Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işine, işewür duşuşyklary we forumlary yzygiderli geçirmäge, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga hem-de, ylym, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gatnaşyklary höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen dostlukly we özara gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, bu ugurda hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny nazara almak bilen, ähli degişli meseleleriň üstünde içgin işlemegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna yzygiderli goşulyşmaga alan ugry bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, olaryň işewür we maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, täze iri taslamalara çykmak üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi — Ýewraziýa ýollarynyň strategik çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşmegi hem netijeli gatnaşyklar üçin oňaýly şertleri döredýär. Däp bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we ösdürmek boýunça teklip edilýän çäreleri makullap, daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri hem-de parlamentiň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin kabul edilen maksatnamasyny hem-de döwlet Baştutanymyzyň deputatlaryň öňünde goýan anyk wezipelerini nazara almak bilen degişli komitetlerde täze kanunlary taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Daşary ýurtlaryň kanunçykaryjylyk tejribesini öwrenmäge we umymylaşdyrmaga, onuň oňyn ugurlaryny ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk işine ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň hem-de maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Şonuň bilen birlikde, deputatlar öz saýlawçylary bilen aragatnaşykda bolup, häzir dürli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmelidirler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Olar öz okruglarynyň durmuş-ykdysady meselelerini çözmek, ýerlerde işleriň ýagdaýyny öwrenmek hem-de degişli teklipleri girizmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşykda bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz mart aýynda geçiriljek Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine, Halk Maslahatynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna ünsi çekip, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini belledi. Olara taýýarlyk görmäge jemgyýetçilik guramalarynyň we döwlet düzümleriniň wekilleri bilen bir hatarda parlamentariler hem işjeň gatnaşmalydyrlar. Esasy wezipe giň bäsdeşlik esasynda geçiriljek saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini, açyklygyny we aýdyňlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri