JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ilçisi Hindistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şalar Geldynazarow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowinde öz ynanç hatlaryny gowşurdy.

Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Şri Ram Nath Kowind Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gelip gowşan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyna parahatçylyk we ösüş baradaky özüniň iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri