BIZNES

Türkmenistanda sanly ykdysadyýet: elektron söwda ýaýbaňlandyrylýar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti halk hojalygynyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda pudagara toparyny döretmek hakynda çözgütler kabul edildi. Elektron söwda we internet-dükanlaryň döredilmegi babatda degişli işler amala aşyryldy.

Sanly ulgamy söwda pudagynda hem giňden ulanmak babatda işleriň alnyp barlyşy barada hasabatlar berildi. Bu ugurda  ilata edilýän söwda hyzmatlaryny döwrebap derejede kämilleşdirmek, şol sanda internet-dükanlarynyň işini ýola goýmak arkaly “Harytlary uzaklykdan satmagyň Düzgünleriniň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu taslama «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Söwda işi hakynda» hem-de «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşykly işlenip taýýarlanyldy.

Bölek söwda ulgamynda internet-dükanlaryň hereket etmegi ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi. Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler