JEMGYÝET

Türkmen-argentin hyzmatdaşlygy

2019-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Argentinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Ernest Lagorionyň ýolbaşçylygyndaky Argentina Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlaryndaky türkmen-argentin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi edil Türkmenistan ýaly, Argentinanyň hem iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ygrarlydygyny nygtady. Bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň maksadalaýyklygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurlygy barada gürrüň etdiler. Olar iki ýurduň arasynda eksportyň hem-de importyň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Bu ugurda Argentinanyň oba hojalyk, maldarçylyk we energetika ulgamynda ähmiýetli tejribesiniň bardygy nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň zerurlygy nygtalyp geçildi.

Diplomatlar şeýle hem öňde duran Birinji Hazar ykdysady forumy hakynda hem gürrüň etdiler we bu çäre ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder.

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: resminamalar toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty başlady