DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasynyň Täze Bellenen Ilçisi Bilen Duşuşyk

2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Ýokary derejedäki bilelikdäki saparlaryň özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özarahereketleriň hem-de halkara gün tertibiniň esasy ugurlary babatynda nukdaýnazarlaryň gabat gelýändigi aýratyn bellenilip geçildi. Halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylykly ýollar bilen durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagy boýunça sazlaşykly hereketleriniň ähmiýeti we derwaýyslygy barada gürrüň etmek bilen taraplar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Şu ýyl ýurduň öz bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belläp geçýändigi, bu dabara bilen baglylykda halkara derejesinde ençeme çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulandygy bellenilip geçildi.

Özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşuryp, Ilçi Togan Oral türkmen tarapyna ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi mynasybetli mähirli gutlaglary we ýagşy azuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyrylmagy ugrunda işjeň hyzmat etmäge taýýarlyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri