DÜNÝÄ

Tramp “EKSPO-2035” Bütindünýä sergisi Maýamide geçirmegi isleýär

Bütindünýä sergisini geçirmäge degişli arzany taýýarlamak we tabşyrmak jogapkärçiligi ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubioya ynanyldy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “EKSPO-2035” bütindünýä sergisini geçirmek üçin resmi arza berjekdiklerini belledi. Degişli beýanaty ol “Truth Social” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

«Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “EKSPO-2035” bütindünýä sergisini geçirmek üçin hödürnama bermäge gyzyklanýandygyny bellemek isleýärin», — diýip, Tramp belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, Florida ştatynyň häkimiýeti bu giň gerimli sergini Maýamide geçirmek meselesine gyzyklanma bildirdiler.

«Men muny doly goldaýaryn», — diýip, amerikan lideri belledi. Tramp bütindünýä sergisini geçirmek boýunça arzany taýýarlamak we tabşyrmak jogapkärçiligini ABŞ-nyň döwlet sekretary, «Maýamide doglan Marko Rubio» tabşyrdy.

“EKSPO” bütindünýä sergisi — ýurtlara özlerini tutuş dünýä tanatmaga mümkinçilik berýän iň iri halkara çäre bolup, onda tehnologiýa we ylym babatda iň soňky gazanylan üstünlikler, medeni hem-de täze binagärlik eserleri görkezilýär. Soňky ýyllarda bütindünýä sergileri açyk diplomatiýa we milli brend üçin möhüm meýdança bolup çykyş edýär.

2025-nji ýylda bütindünýä sergisi Ýaponiýanyň günbataryndaky Osaka şäherinde geçirildi, 2030-njy ýylda bolsa Er-Riýadda geçiriler.

Ýene-de okaň

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy