DÜNÝÄ

Tramp Beýik Britaniýada: 42 milliard tehnologiýa hyzmatdaşlyk şertnamalar baglaşyldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp döwlet sapary bilen Beýik Britaniýada bolýar. Bu saparyň öňüsyrasynda Beýik Britaniýa bilen ABŞ “tehnologik gülläp ösüş boýunça ylalaşygy” baglaşdy. Bu ylalaşyk emeli aň (EA) we kwant tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda, şeýle hem atom energetikasy pudagynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.

Bu barada Britaniýanyň Premýer-ministriniň edarasyndan çap edilen beýannamada aýdylýar.

Resminama görä, gazanylan ylalaşyklar “Microsoft”, “Nvidia”, “Google” we “OpenAI” ýaly amerikan kompaniýalarynyň hasabyna Britaniýanyň ykdysadyýetine 31 mlrd funt sterling ($42,3 mlrd) möçberinde maýa goýumlaryna getiriler.

Ylalaşygyň netijesinde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 120 müň sany “Nvidia” grafiki prosessorynyň alnyp gelinmeginden soň, Beýik Britaniýada Ýewropadaky iň uly klaster dörediler. Iň uly maýa goýumyny “Microsoft” eder – kompaniýa 4 ýyl dowamynda emeli aň bilen baglanyşykly infrastruktura $30 mlrd goýjak bolup, munuň çäginde 23 müň çip esasynda ýurtdaky iň uly superkompýuteri döreder.

“Google” bolsa Londondan golaýdaky Walfem-Kross şäherinde maglumat işläp taýýarlamak merkezini açar. Bu taslama üçin kompaniýa 5 mlrd funt sterling möçberinde maýa goýjak bolup, onuň netijesinde Beýik Britaniýada 15 müň töweregi täze iş orunlary dörediler diýlip garaşylýar.

Ýene-de okaň

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk