SPORT

“Trabzonspor” finalda

“Trabzonspor” topary  Türkiýäniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ikinji duşuşygynda “Fenerbahçe” toparyny ýeňmegi başardy. Stambul şäherindäki duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna 3: 1 hasabynda tamamlandy. Oýnuň 6-njy we 83-nji minutda “Trabzonsporuň” iki pökgüsini norwegiýaly hüjümçi Aleksandr Sorlot geçirmegi başardy. 94-nji minutda Nowak duşuşygyň üçünji goluny geçirip, toparynyň ynamly ýeňiş gazanmaga uly goldaw berdi. Ýer eýeleri bolan “Fenerbahçe” toparynyň düzüminde 42-nji minutda Türiç bir jogap goluny geçirmäge başardy.

Tomaşaçylaryň stadiona girmegine rugsat berilmändigini, ýöne meýdançada janköýerlere wekilçilik eden birnäçe müň sany karton şekiliniň bolandygyny bellemeli.

Finalda “Trabzonspor”-yň garşydaşy “Antalýaspor – Alanýaspor” duşuşygynyň ýeňijisi bolar. Oýun 18-nji iýunda geçiriler. Ilkinji duşuşykda “Alanýa” topary 1-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Ýene-de okaň

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri

Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlary badalga aldy