SPORT

“Tottenhem”-iň ýyldyz gullukda

Angliýanyň “Tottenhem”  toparynyň günorta koreýaly ýyldyz futbolçysy Son Hyn Min watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirýär. Günorta Koreýada harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän Son Hyn Miniň suratlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşir edildi.

Jeju adasynda gulluk edýän 27 ýaşly koreýaly futbolçy maý aýynyň ortalarynda Angliýanyň London şäherine dolanyp barmagyna garaşylýar.

Günorta Koreýanyň kanunçylygyna laýyklykda, Son Hyn Min 28 ýaşyna çenli harby gullugy ýerine ýetirmek zerurlygyny göz öňünde tutup, koronawirus sebäpli Angliýanyň futbol çempionatynda yglan edilen arakesmeden peýdalanyp, harby gullugyny geçýär.

Son Hyn Min Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy bilen Aziýa oýunlarynda gazanan çempionlygy üçin 21 aýyň deregine 3 hepde gulluk edýär.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler