BIZNES

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy güýçlenýär

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy batly depgine eýe bolýar. Geçen aýyň başynda Owganystanda bu iri taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanan wagtyndan bäri eýýäm turba geçirijileriniň 6 kilometri guruldy. Bu barada Owganystanyň “Ariana” habarlar gullugy habar berýär.

Hyrat welaýatynyň gurbernatory Maulan Yslam Jar gaz geçiriji taslamasynyň Owganystandaky gurluşygy boýunça duşuşyk geçirdi. Şol duşuşykda taslama barada hasabat berildi. Şol duşuşykda Hyrat welaýatynyň gurbernatory sebitleýin ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna geçen ýyl badalga berlipdi.

Bu taslama Gazagystanyň kompaniýalary gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýärler.

Türkmenistandan badalga alan Owganystanyň hem-de Pakistanyň üsti bilen Hindistana uzaýan gaz geçirijisi sebitleýin energetika howpsuzlygy hem-de ykdysady ösüş babatda möhüm taslamalaryň biridir.

Bu taslamanyň diňe Owganystana ep-esli ykdysady bähbitler geçitirp, 12 müň iş ornunyň döredilmegine we her ýyl 1 milliard dollara golýa girdeji gazanmagyna mümkinçilik bermegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy