SPORT

Tomaşaçylar meýdança dolanýar

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson oktýabr aýyndan başlap,  tomaşaçylaryň futbol duşuşyklaryny stadiondan tomaşa edip biljekdiklerini mälim etdi. Futbol janköýerleri koronawirus pandemiýasy sebäpli wagtlaýynça oýunlara gatnaşmakdan çäklendirildi. Emma muňa garamazdan, Angliýa ilkinji bolup futbol oýunlaryny tomaşaçyly geçirmegi maksat edinýärler. Oktýabr aýyndan başlap, tomaşaçylar Angliýada geçiriljek oýunlara gatnaşyp, oýunçylara özleriniň goldawlaryny bererler. Emma her bir tomaşaçy jemgyýetçilik aralygy we agyz-burun örtüklerini dakynmaklygy doly we dogry berjaý etmelidirler.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler