JEMGYÝET

“Tom & Jerri” we “Popeye” multfilmleriniň döredijisi Gen Deit aradan çykdy

Onýyllyklaryň dowamynda çagalaryň iň gowy görýän multfilmleriniň hataryna giren “Tom & Jerri” we “Popeyes” multfilmleriniň döredijisi Gen Deit 95 ýaşynda aradan çykdy. Oskar baýragyna mynasyp bolan animator, suratkeş we kinorežissýor Deitiň 16-njy aprelde Çehiýanyň paýtagty Pragadaky öýünde aradan çykandygy mälim edildi.

Öýlenen we üç çaganyň kakasy Gen Deit 1924-nji ýylda Çikagoda doguldy. Sungat durmuşynda köp sanly baýraklara eýe bolup, “20 Century Fox” kompaniýasynyň garamagyndaky “Terrytoons”-da ýerine ýetiriji bolup işledi.

“Sidneý The Ele” we “Gaston le Crayon” ýaly keşpleriň döredijisi bolan Deýç 1958-nji ýylda “Sidneýiň maşgala agajy” bilen Oskara dalaşgär boldy we 1960-njy ýylda “Munro” bilen bu baýragy gazandy. Soňra ýene iki baýraga dalaşgär görkezilen Deit “Popeyes” multfilmlerinde we “Tom we Jerriniň” gysga metražly filmlerinde-de işledi. 1959-njy ýylda häzirki aýaly Zdenka Majmanowa bilen duşuşandan soň Praga göçüp gelen suratkeş, bu ýerde işlän ýyllarynda 70-den gowrak animasiýa filmini we teleserialy döretdi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri