«Sungat, tebigatyň gutaran ýerinden başlanýar».
Oskar Waýld

Türkmen şekillendiriş sungaty barada söz açaňda, primitiwizm (sungatda ýönekeý sada ýoly) ugrunda uly işleri döreden Bäşim Nuralyýewden, tä awangard abstraksionizm (ham-hyýal ýoly) akymynyň hudožnigi Tokar Tugurowa çenli uly döredijilik ýoly göz öňüňe gelýär. Elbet-de, bu gezek biz adaty «hakykat» (realizm) akymy barada gürrüň etmän, onuň täsirinden dörän ynsanyň duýgularyny, pikirlerini giňişleýin aýdyňlaşdyrmak maksady bilen abstraksiýa ýolunyň türkmen şekillendiriş sungatynda başlangyç yz galdyran hudožnik Tokar Tugurowyň ham hyýal dünýäsiniň derwezesine gadam basmakçy.Şekillendiriş sungaty poeziýa, saz bilen kybapdaş, olaryň bir-birleri bilen aýrylmaz bitewiligi hakynda belli rus hudožnigi, abstraksionizm akymynyň atasy diýip hasaplanýan Wasiliý Kandinskiý «Sungatda ruhy hakda» diýen monografiýasynda belläp geçişi ýaly, oňa düşünen her bir hudožnik, edebiýatçy, sungat işgäri, göýä kebelegiň ýagtylyga ymtylşy ýaly, oňa höwrügipdirler. Görnükli türkmen şahyry Gurbannazar Ezizow poeziýanyň täsirligini güýçlendirmek maksady bilen «Gündeliginde» şeýle pikirleri orta atýar:
«Bize manysy duýgudan güýçli, duýgusy manydan güýçli goşgular gerek. Pikassoň bir suraty bar: seniň seredip oturan suratyňda pişik ýok, ýöne geň-taň çyzgylarda pişigiň ýylgyrşy görnüp dur».
Şol geň-taň çyzgylary reňkleriň üsti bilen gürledip, ondan owaz eşdip, many almaga ömrüni bagyş eden Tokar Tugurow bu akymyň hötdesinden gelipdir diýsek öte geçdigimiz bolmaz.


(Hudožnik Bäşim Nuralyýewiň primitiwizm akymynda döreden işleri).

«Awtoportret». (Hudožnik özüniň psihologik durkuny
daş-töwereginiň täsiri ediji güýjüni beýan edýä, elbetde bu
gara reňk ölüm we gyzyl reňk ýaşaýşyň simwoly bolup şekillendirilýär.
Tokar Tugurow şekillendiriş sungatynyň abstraksiýa akymyna elbetde, «hakykat» realizm ýolundan gelendir. Ol öz ýatlamasynda şeýle belleýär: Men surat çekemok, men iş döredýän». Tokar aga surat sözüni halamazdy. Haçan-da bir žurnalist ýa-da edebiýatçy ondan «nähili surat çekýäňiz?» diýip sorasa: «Men hiç-hili surat çekemok, men iş ýazýan» diýip jogap bererdi. Ol janygyp gürlärdi: «Gaty gynanýan, edebýat hem sungat adamlaryndan şeýle sowallaryň berilmegine. Ýönekeý adamlardan gatam göremok, ýöne ömürlerini sungat bilen baglan adamlardan, asla garaşamok» diýip, ussahanasyna barsaň içini dökerdi. Käbir kärdeşlerem Tokara aga «Ol how, bu dünýäň adamsy däl ýaly-la, haçan görseň şol reňklere ya kendiriň ýüzine (holosta) seredip otyr» diýip oňa haýran galardylar. Asla haýran galmaz ýalam däl, Tokar aga şekillendiriş sungatynyň iň inçe kirişlerinde çotgasyny işledýärdi. Onuň saýlan döredijilik akymy türkmen sungatynda täze bilinmeýän we kabul edilmeýän ýoldy. Bu ýoluň inçe syrlaryna düşünmek üçin oňa entek köp ýyllar garaşýardy. Şol ýyllaryň ilkinji ädimlerini ol 1969-njy ýylda Aşgabadyň çeperçilik uçilişesinde başlaýar. 1973-nji ýylda Tokar Tugurow Aşgabatda geçirilýän ilkinji sergilere gatnaşýar. Onuň döredijilik işleriniň esasy bölegi şol döwürler oba durmuşyna bagyşlanypdyr. Käbir özünden uly hudožnikleriň maslahat bermegi bilen ol portret işlerinem ýerine ýetirip başlaýar. Onuň özi gatnaşmasada, käbir işleri daşary ýurtlarda Daniýada, Türkiýede, Siriýada geçirilýän sergilere-de iberilýärdi. Tokar Tugurowyň gahrymanlary ýönekeý adamlar — balykçy, daýhan, sagymçy, halyçy umumy aýdanyňda zähmetkeş adamlar bolupdyr. Ol oba oglany bolsa-da daşary ýurt sungatyna we edebiýatyna imrinipdir. Tokar şekillendiriş sungatyny ylmy taýdan we bilim derejede artdyrmak maksady bilen Moskwa şäherindäki W. Surikow adyndaky çeperçilik institutyna okuwa girmäge iki gezek synanşypdyr. Emma döwlet ekzamenlerinden geçip bilmändir. Birinji sapar ol rus dilinden, ikinji ýola bolsa Türkmenistandan kwota, ýagny okuwa iberlenleriň sanawy dolanlygy sebäpli kabul edilmändir. Tokar ol wagtlar gaty sada oglan bolan soň, Moskwa okuwa girmäge, diňe Türkmenistanyň hudožnikler birleşiginden rugsat alan, ýa-da tanyşlyk bilen penalanyp, goýberilýänleriň kabul edilýänini asla bilmeýärdi. Ol Surikow adyndaky instituta girip bilmänligine namys edip, öz üstünde işläp başlaýar. Tokar çotga tutuşyna göwni ýetse-de, ruhy baýlygyň ýetmezçiligine oňat düşünýärdi. Gije-gündiz elinden kitap düşürmeýärdi, okaýardy, pikir edýärdi, döredijilik ýolunyň gözleginde bolýardy. Köplenç ol ýazyjy-şahyrlaryň ýanyna barardy, olary diňlärdi. 60-njy ýyllarda Staliniň ölüminden soň döredijilikde täze akym, ruslaryň oňa «Ottepel» «Ereýiş» diýip at beren döwrüniň edebiýat, sungat işgärleri Tokarda uly täsir galdyrýar. Ol Moskwa baranda hökman çeper okaýyşlara gatnaşýan eken. Şeýle okaýyşlar her ýyl Wagankow gonamçylygyndaky şahyr Sergeý Ýeseniniň guburynyň ýanynda geçerdi. Ýygnanan märeke şahyryň goşgularyny sesli okaýan ekenler. Tokar öz ýatlamasynda şeýle diýýär: «Sesli okalýan goşgulara özümi beremsoň, durup bilmän Ýeseniniň türkmen diline terjime edilen goşgusyny öz ene dilimde nädip okanymam bilmedim. Bir seretsem, duran adamlar seslerini çykarman meni diňläp duran ekenler. Men tolgunyp sägindim welin, olar ýerli-ýerde: «dowam et, ýigit!» diýdiler. Şonda men dilimiz üýtgeşigem bolsa, ähli milletler üçin edebiýatyň, sungatyň bir äheňden gopýanlygyna göz ýetirdim”.

(Moskwanyň Wagankow adyndaky gonamçylygyndaky şahyr Sergeý Ýeseniniň guburyndaky çeper-edebi okaýyş pursaty).
Şahyrlar Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, kompozitor Nury Halmämmedow bular, Tokar Tugurowyň nusga alarlyk ýol görkeziji ýyldyzlarydy. Tokar olardan ýaşy kiçirägem bolsa, dostluk gatnaşyklaryny saklardy. Bu şahsyýetlere ýakyn durup, olar bilen pikir alşyp, döredijilik ummanyna uýgunlaşmagyna elbetde Gurbannazar Ezizow oňa uly itergi beripdir. Bu hakynda Tokar Tugurow şeýle gürrüň bererdi: «Sungata pikir gämisi bilen gelmegimde, maňa esasy Gurbannazar Ezizow uly tasir etdi. Biz baja bolanymyz üçin men ony köp görerdim. Onuň eserleriniň üstünde işleýşi göz öňümden gidenok. Ol elmydama maňa, bajam diýip ýüzlenerdi. Bir gün ol işläp otyrkam gapydan girdi-de: «Bajam, özüm soraýmasam sen maňa işleriňi görkezjek däl öýdýän, orslaryň aýdyşy ýaly: «Если гора не хочет идти к Магомету, то Магомет пойдет к горе» ine, men geldim, görkeziber işleriňi, dogry-da walla, dawaý» diýip meni aljyraňly ýagdaýa goýdy. Birnäçe işlerimi tekçeden alyp onuň öňünde setir edip düzüp goýdum. Gurbannazaryň ünsi çuňňur bir zada gidende, ol azajyk sakawlap gürlärdi. Şol gezegem ol bir salym işlere syn etdi-de: «B…bajam bular g…gaty p…pikirlendirýär. Örän udiwitelnyý şekiller». Men uludan demimi aldym-da nähili, boljakmy?» diýdim. Gurbannazar gözüni işlerimden aýyrman «Bajam bu ýol gaty çetin, özem çylşyrymly, edil ummana düşen ýaly bolýaň, ýöne düşünjekler tapylar, eger sen özüňe ynanýan bolsaň işläber, dowam et» diýip maňa göwünlik berdi. Soň bilip otursam, Gurbannazaryň dünýeden gaýdan wagtlary, maňa ýaşuly hudožniklerimiziň bir-iki sanysy gürrüň berdi. Olaryň ýanyna Gurbannazar gelip: «Tokaryň işlerine nähili garaýaňyz, onuň saýlan ýoluny nähili görýäňiz?» diýip gyzyklanypdyr. «Gurbannazaryň agam ýaly bolup, meni alada edenine şonda bilip galdym. Ol dünýeden tragiki ýagdaýda gaýdanda, men Pribaltikadadym, ony soňky ýoluna ugradyp ýetişmedim. Ine, şuny men özüme hiç bagyşlap bilmedim».


«Şahyr» (Gurbannazar Ezizowa bagyşlanan iş. Hudožnik gara reňkiň üsti bilen şahyryň tragiki ölüminiň özünde galan täsirini inçelik bilen şekillendirýär).
80-nji ýyllaryň başlaryna Tokar Tugurowyň döredijilik ýolynyň akymy doly abstraksiýa ýagny, ham-hyýal işlerine geçip gidýär. Oňa durnukly bu ýola geçmeginde Pribaltika döwletlerine eden döredijilik saparlary sebäp bolýar. Ol ýurtlarda diňe «hakykat» akymy däl-de, eýsem erkin pikirlenmek, Günbatar döwletleriniň şekillendiriş sungatynyň äheňleri doly ýaň berýärdi. Türkmenistan topragyndan gelen ýigide bu gaýnap duran döredijilik durmuşy oňa uly mekdep bolýar. Soň-soňlar Tokar aga ömrüniň ahyrlarynda ýatlardy: «Haçan-da döredijilik iş sapary bilen Fransiýa döwletine baranymda, işlerimi gören sungat öwrenijiler «Siziň çotga tutuşyňyz ussatlaryň derejesine ýetipdir. Size bir gerek zat, Günbatar döwletlerindäki üýtgäp duran döredijilik howasy. Şonuň üçin, Siz azyndan her ýylda üç aý bizde, saparda bolmaly. Fransiýanyň döredijilik howasyndan dem almaly».Men dogrusyny aýtsam şol pikirler bilen doly ylalşýan».
Döredijilik işinde şol ýyllar Tokar uly höwes bilen köp işleýärdi. Ýaşuly hudožnikler onuň işi hakynda pikir aýtmakdan saklanýardylar, ony döredijilik ideologiýa taglymatyndan daşda duran hudožnik hasap edýärdiler. Geçirilýän sergilerde esasam ýaş hudožnikleriň respublikan görkezilşinde, Tokaryň asbtraksiýa işlerinden alynman «hakykat» akymynden döreden käbir kartinalaryny ulanýardylar.
Abstraksiýa akymy öz içinde iki topara bölünýär. Birinjisi intelektual (bilimli) abstraksiýa. Şekillendiriş sungatynda bu ugur geometriki ölçegleriň, çyzgylaryň, üçburçluklaryň, dörtburçluklaryň, tegelek konus şekilleriniň üsti bilen hudožnigiň içki duýgulary beýän edilýär. Tokar Tugurowyň ilkinji abstraksiýa işleri intelektual toparyna degişlidir. Göräýmäge bu gaty çylşyrymly bolup görünse-de, taýýarlykly sungat söýüjilerine ol örän aýdyňdyr. Onuň şol işleriniň aýratynlygy milli kolorit, türkmen äheňlerini reňkleriň üsti bilen duýup bolýar. Elbetde, reňkler abstraksiýa akymynda has jogapkärli orny tutýar. Hudožnik Wasiliý Kandinskiýniň «Sungatda ruhy hakda» diýen monografiýasynda reňkleriň diňe özbaşyna many aňlatman, eýsem reňkleriň saz owazlary, heňleri bilen aýry-aýry notalary aňladyp bilýändigini rus kompozitory Aleksandr Skrýabin «Promoteý» («Ot hakynda poýema») eserinde, şol döwrüň yşklary bilen reňkleriň sazly öwüşgeniň görnüşini ilkinji bolup synag geçirip, onuň ýörite tablisasynam döredýär.

Reňkleriň sazly öwüşgini
Şu ýerde Skrýabin hakynda türkmen kompozitory Nury Halmammedowyň aýdyp geçen pikirlerem ýadyma düşdi: «Meniň söýgüli kompozitorym Skrýabiniň öňe sürýän filosofiýasy: «Men ähli zat, ähli zat men” diýýär. Tebigatyň iň kämil bölegi — Adam, göreşiji, ýeňiji — Adam, ine, Skrýäbiniň temasy! Meniň birinji mugallymym türkmen halk sazy bolsa, ikinjisi, gürrüňsiz, Skrýabin».
Kandinskiý belleýär, mämişi reňk şatlyk begenç duýgyny berýär, sary tegelek şekil adama ýakynlaşýan bolsa, gök tegelek şekil adamdan daşlaşýanlygy aňladýar. Imprisionistler (fransuzlaryň tasir ediji sözünden) ak reňki asla reňk diýip hasap etmeýärler. Olar ak reňkde tebigat ýok, boşluk diýip hasap edýärler. Şonuň üçin ak reňk biziň psihiki kabul edişimize, bir beýik dymyşlyk hökmünde täsir edýär, içki duýgymyzyň seslenmesinde ol seslenmeýär. Göýä sazyň arasyndaky kesilmeler ýaly saz kesilse-de, ol ösüşiň gutarnykly jemleýjisi bolup durmaýar. Bu dymyşyklyk öli bolman, onda köp mümkinçilikler bolýar. Ak reňk dymyşlyk ýaly seslenýär, ýöne oňa birden düşünmegem mümkin bolup durýar. Ak- bu hiç zat, has takygy bu hiç zatdan başlangyçdan öň, jan döremezden öň bolan.

Hudožnik Wasiliý Kandinskiý (1866-1944)
Reňkler öz arasynda ýylylyk we sowuklyk täsirleri bilen hem bölünýändir. Ýöne gyzyl reňk ýaly ýiti täsiri hiç bir reňk berýän däldir. Şonuň üçin gyzyl reňke ymtylyş uly bolýar.


Intelektual abstraksiýa degişli işlerden «Kompozisiýa».

«Kompozisiýa» intelektual abstraksiýa.
Abstraksiýa akymynyň ikinji toparyna psihologik abstraksiýa diýilýar. Bu ýol ynsanyň üsti bilen jemgyýetiň we şahsyýetiň durmuşdaky ýagdaýyny, gapma-garşylygy, umydy suratlandyrýar. Tokar Tugurow ömrüniň soňky ýyllaryny psihologik abstraksiýa akymynda işleýär.


Psihologik abstraksiýa «Dogulmadyklar» Psihologik abstraksiýa
toplumyndan 2002-nji ýyl. «Yza öwrülmek» kompozisiýasy (Hudožnigiň
(Bu toplum hudožnik Beýik Watançylyk jemgyýetiň düşen ýagdaýyna seslenip döreden işi).
urşuna bagyşlap, wepat bolan
esgerlere filosofik soraglary goýýar:
(eger-de uruş bolmadyk bolsa olaryň
çagalary bolardy, ýaşaýyş dowam ederdi).


«Şöhle» (ynsanyň aňyndaky şöhle). «Duşuşyk» 2006-njy ýyl. (Psihologik abstraksiýa degişli Adamsyny
köp ýyllar görmedik zenanyň ahy-nalasy, adamsynyň kalbynyň gany gaýnap durşy beýan edilýar).).
«Ýoldaş» (Hudožnik ýoldaşynyň içki dünýäsini beýän edýär. 2003-nji ýyllarda döreden işi. Bu psihologik abstraksiýa degişli işdir. Üns berip seretseň, bu iş iri çotga bilen ýerine ýetirilen şekildir. Şeýle tehniki çemeleşmek, ussatlyga ýeten hudožniklerde duş gelýär).

«Awtoportret» (Iri çotga bilen ýerine ýetirilen psihologik abstraksiýa işi.
Hudožnik mämişi reňkiň üsti bilen galkynan duýgusyny açyp görkezýär).
Ol ýyllar durmuş ýaşaýyş ýagdaýlary kyn hem bolsa Tokar Tugurow öz döredijilik ýolundan çykmaýar. Käbir kärdeşleri täjirleriň tabşyryk işlerini ýerine ýetirse-de, özüniň maddy-material ýagdaýynyň kynlygyna seretmezden Tokar öz ýoluny dowam edýär. Ilkiler onuň işlerini satyn almaýardylar. Türkmen täjirleri, döwlet çinownikleri diňe bedewiň, itiň, Türkmenistanyň tebigatynyň şekillerini, daglaryň, çölleriň, baglaryň, çeşmeleriň «hakykat» akymynda ýerine ýetirilen işlerine höwesekdiler. Olar Tokar Tugurowyň işlerine asla düşünmeýärdiler. Ony mugt bereniňde hem almazdylar. Ýöne Tokar Tugurowyň döredijiliginiň muşdaklary Türkmenistandaky daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň işgärleridi. Olar öz kolleksiýalaryna Tokar Tugurowyň abstraksiýa akymynda döreden işlerini uly höwes bilen alýardylar. Kä ýarym halkara guramalar geçirýän baýramlaryna Tokar Tugurowy myhmançylyga çagyrýardylar. Şeýle duşuşyklaryň biri 2004-nji ýylda Birleşen milletler guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda türkmenlerden abstraksiýa akymynda işleýän hudožnik Tokar Tugurowyň şahsy sergisi geçirilýär. Gelen myhmanlar Tokar Tugurowyň işlerini görüp, abstraksiýa ýolunda Türkmenistanda dörän hudožnige haýran galypdylar.Döredijilik işgärleriniň arasynda asyrlar boýy, hat-da adamzat döräli bäri, bir-birine gapma-garşy durup, bassaşlyk etmek häsiýetler dowam edip gelipdir. Bu tebigatyň kanuny, ondan ynsanýet häzire çenli saplanmandyr. Dünýä dinleriniň ählisinde diýen ýaly bu hasiýet ýazgarlypdyr, ol uly günä hasap edilipdir. Emma adamzat onuň öňünde ejiz bolupdyr. Elbetde hudožniklerem mundan daşda durmandyrlar. Tokar Tugurowyň abstraksiýa akymynda işleýänine onuň käbir kärdeşleri öz aralarynda her hili gürrüňler ýaýradypdyrlar. Nämemişin, Tokar «hakykat» akymynda iş edip bilmän soň abstraksiýa diýip bir bolgusyz şekilleri edip ýör, eger ol adamy adam ýaly edip meňzedip bilýän bolsa, onda hökman çekerdi» diýip göwniýetmezçilik edipdir. Ine, şeýle gürrüňlere jogap edip, Tokar Tugurow abstraksiýa akymynda «hakykat» (realizm) ikisini bilelikde ulanyp, özüçe täze bir ýol döredýär. Soňra Tokar aga köp işlerinde şol ýoly ulanýar.
«Triptih» («Üçleme» «Hakykat» (realizm) hem Abstraksiýa akymlarynyň bilelikdäki baglanşygynda ýerine ýetirilen işler).


Birinji işde hudožnik öz kakasynyň geçen Ikinji işde hudožnik öz ejesiniň keşbiniň üsti bilen
durmuş ýoluny, onuň külpetli saparlaryny enäniň durmuş ýoluny beýan edýär. Ene çagany ýagny dogluşdan. ony simwol hökmünde dünýä indirýän simwoly hökmünde göwrede jan
şekildäki görkezilen ýumurtgadan tä gojalyk giren çaganyň keşbi bilen onuň dünýede geçýän
ýyllaryna barýan hadysalary dürli manyly ýoluny obanyň durkuny reňkleriň hem-de
reňkleriň üsti bilen beýan edýär. geometriki şekiller bilen janlandyrýar. )

Üçunji iş hudožnik obasynyň atly daýhanyny,
onuň zähmet ýoluny iki şekillendiriş akymynyň
üsti bilen örän täsirli görkezýär. Daýhanyň ýüzüniň
ýygyrtlary agyr iş görenligini beýan edýär.
Kandinskiniň teoriýasynda gyzyl reňkde içki mümkinçilikleriň
köp bolmagyndan Tokar Tugurow degerli peýdalanyp
işiň merkezinde daýhanyň ganynyň gaýnap duranlygyny, emma gara reňk
bilen ony mejbury aşak düşürilmegi, garamtyl reňk
bilen çaknyşmagy ony öçüp barýan köze golaýlatmagy
adamda bolup geçýän durmuş gapma-garşylyklaryny aýdyň görüp bolýar…
90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda Tokar Tugurowyň «8-nji mart» kinoteatry diýlip tanalýan ýerindäki ussahanasy ýykylansoň, Türkmenistanyň hudožnikler birleşigi oňa ors bazarda ýerleşýän medeniýet fondunyň ýarym ýerzemininde bir otagly ussahanasyny kärände berýär. Tokar bu ýerik kän öwrenşip bilmedi, üstesine-de ol bazara degip duransoň, onuň ussahanasy adamsyz bolmaýardy. Döredijilik, sungat işgärlerinden başga, bazarlamaga gelýän garyndaşdyr, obadaşlary her gün diýen ýaly onuň ussahanasyndadylar. Men baran wagtym ol ýylgyryp, zeýrenerdi: «Gelenlerini gysganamok, ýöne wagtymy alýarlar, işlemäge maý berenoklar» diýerdi. Elbetde, men: «Olar ýaly bolsa gapyňy gurup işle, kakaýsalarm açmagyn» diýsem, ol egnini gysyp: «Aý, türkmençilikde gapyňy gulplap goýup bolmaz-a» diýeni henizem ýadymdan çykanok. Bir gün ussahansynda onuň täze we öňki eden işlerine syn edip, oňa göni bir sowal berdim: «Tokar aga, öňden soraman ýördim, haýsy hudožnigi özýňe ýakyn görýäň?» diýenimde, ol pikirlenmän: «Wan Gog, esasam onuň «Günebakar» işi, oňa seredip doýup bilemok.

Wan Gog golland hudožnigi «Günebakar» toplumyndan.
Mark Şagal, onuň stili maňa ýakynrak. Ir döwürdäki işlerinden «Gezelenç» özboluşly, mert hudožnigiň eseri, göwnümden gaty turýar. Pablo Pikasso Mark Şagal hakynda şeýle diýipdir: «Haçan-da Matiss ölenden soň, Şagal dünýede reňklere düşünýän ýeke-täk hudožnik bolup galar».

Mark Şagal «Gezelenç» (1918 ý.)
Anri Matiss reňkleri inçeden duýän hudožnik. Onuň «Gyzyl balyklar» işi maňa gaty täsir edýär. Tekçämde onuň foto suraty häzirem dur.

Anri Matiss «Gyzyl balyklar».
Ýöne özüme has golaýy, Pikassony hasap edýän. Ol özi barada şeýle diýýär: «Men işleýän wagtym, öz bedenimi gapyň aňyrsynda, musulmanlaryň metjide girjek bolanlarynda köwüşlerini daşynda çykaryşlary ýaly goýýaryn». Sered-ä, onuň «Gernika» diýen işine, Ispaniýadaky şäheri nemes-faşistik Germaniýasy ony bombalap kül edýär. Pablo Pikasso hudožnigem bolsa, şoňa seslenýär, şol tragiki ýagdaýy öz işinde beýan edýär. Haçan-da Pikassoň ussahanasyna faşistik gestapanyň gizlin gullugynyň ofiserleri gelip, «Bu işi kim etdi?» diýip soranlarynda Pikasso çekinmän olara: «Siz etdiňiz bu işi» diýip jogap beripdir. Ine, hudožnik doly derejede şular ýaly bolýar. Halkynyň agysyny, begenjini paýlaşyp bilmeýänlere hudožnik däl-de, suratkeş diýilýär» diýip, şonda Tokar aga maňa janygyp gürrüň beripdi.

Hudožnik Pablo Pikasso «Gernika» diýen işi. 1938-nji ýylda döredilen
Aradan wagt geçen soň, men Pikassonyň «Gernika» diýen işini täzeden seredip, onuň foto suratynda ünsümi saklanymy duýman galdym. Pablo Pikasso bilen Tokar Tugurowyň bir-birine meşzeşligi, edil bir almany iki bölen ýalydy.


Hudožnik Pablo Pikasso Hudožnik Tokar Tugurow
Tokar Tugurow ýerine ýetiren işlerinde many taýdan diňe bir ýönekeý ynsan meselelerine üns bermän, eýsem dünýäni sarsdyran wajyp wakalary hem gozgap geçýär. Şeýle işleriň biri hem «Mämişi gün». Bu işiň ady Ukrainada 2004-nji ýylda bolup geçen «Mämişi rewolýusiýa» diýip atlandyrlan halk hereketine bagyşlanypdyr. Görşümiz ýaly hudožnigiň diapozonynyň (dünýä garaýşynyň) giňligini bu işde aýdyň görüp bolýar. Üç sany agajyň üstündäki gundagdaky çagany täze dörän döwletiň simwoly hökmünde beýan edýär.

«Mämişi gün» 2005-nji ýyl. (Hudožnik psihologik abstraksiýanyň
üsti bilen 2004-nji ýylda Ukraina döwletinde bolup geçen «mämişi
rewolýusiýa» bagyşlap döreden işi. Gadymy Gresiýa demokratiýasyndan
gelýän 3 sany häkimlik şahasy döwlet gurluş sistemasyndan ugur alyp,
üç sany gögerip duran agaçdan bir çaganyň dogulmagy, bu ýerde çaga,
täze mämişi günüň astynda dörän döwleti beýan edýär).
Geçen asyryň aýaklarynda möwç uran neşekeşlik tragediýasy Tokar Tugurowyň üns merkezinden geçmeýär. Adamzadyň başyna düşen bu musallat belany ýok etmage ol çagyryş edip birnäçe işler döredýär. Şeýle işleriň biri hem «Toba» diýip atlandyrylýar. Bu işde hudožnik adaty simwollaryň üsti bilen bu belanyň özenini açyp görkezýär. Işiň esasy merkezinde atanak belligiň ýerleşdirilmegi, elbetde ol günbatar döwletlerinde ölüm bilen baglanşyklygyny görkezýär. Gonamçylygyň üstünde goýulýan nyşanlaryň deňinde ýaňy doglan çaga, onuň maňlaýyndaky tegelek tegmiliň üsti bilen hudožnik neşä berlen adamdan sagdyn çaganyň döremeýändigini, onuň ömrüniň gysga bolýanlygyny, jemgyýete-de onuň peýda bermeýänligini reňkleriň üsti bilen aýdyňlaşdyrýar.

«Toba» (Hudožnik bu işinde nesiliň öňünde jemgyýetiň jogapkärdigini, oňa oýlanşykly garalmagyny soraýar).

«Kalbyň sesi» (Hudožnik bu işinde psihologik abstraksiýanyň üsti bilen ynsanyň emosiýasyny täsirli edip beýan edýär).
Tokar Tugurowyň döredijiligi öz watanynda dälde, daşary ýurtlarda has giňişleýin ýaýrandyr. Ömrüniň soňky on ýylyny ol Moskwada, Fransiýada geçirdi. Moskwada her ýyl diýen ýaly onuň şahsy sergisi gurnalýardy. Oňa diňe Russiýa federasiýasynyň sungat söýüjilerinden gaýry daşary döwletleriň şekillendiriş sungatynyň muşdaklary gatnaşýardylar. Elbetde, bu sergiler döredijilik taýdan Tokar Tugurowy dünýä arenasyna tanadyp başlaýar. Angliýanyň Kembrij uniwersitetiniň 1898-nji ýyldan bäri neşir edýän «Dünýäde kim, kimler?» Biografik ýygyndysynda Tokar Tugurowyň döredijiligine uly baha berlip, 1999-njy ýyldaky çap edilen sanynda onuň ady ýerleşdirilýär. Bu Türkmenistanyň taryhynda ilkinji türkmen hudožnigine goýlan sarpadyr.
Tokar aganyň sungatyna hormat goýýan muşdaklarynyň biri hem Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatral institutynyň professory, ildeşimiz meşhur «Aýgytly ädim» filminiň baş gahrymany Aýnanyň keşbini ýerine ýetiren Žana Smelýanskaýadyr. Tokar aga ussahanasynda kitap tekçesinde duran Žana Smelýanskaýanyň foto suratyny görkezip: «Žana Moskwada sergim geçse hökman şoňa uly höwes bilen gatnaşýar, meniň işlerime seredip, özünde galan täsirlerini paýlaşýar. Ilkinji gezek tanşanymyzda ol ýylgyryp gepläp başlady welin, şol filmdäki Aýnanyň keşbi göz öňümde janlandy» diýip Tokar aga ýatlady.
Tokar Tugurowyň halkyna goýup giden döredijilik mirasy sanardan köpdür. Häzir onuň 1000-den gowrak döreden işlerini hudožnigiň maşgalasy aýap saklaýar. Geljekde bu işler bir hudožnigiň muzeýi diýen at bilen açylyp, sungata hormat goýýan adamlara uly bir serpaý bolar. Tokar aganyň özem şony arzuw edýärdi. Ol dünýeden gaýdansoň, onuň ogullary atalarynyň hormatyna uly Katalog görnüşinde birnäçe işlerden durýan kitabyny neşir etdiler.


Kyn günlerde deger-degmez baha Tokaryň işlerini soranlarynda, ol gynanyp: «Maňa pul geregem bolsa, olaryň soran bahasyna berip bilmedim. Goý dursun, bir gün onuňam hakyky muşdagy geler» diýerdi. Dogry, Tokaryň bu aýdan pikirleri maňa beýik hudožnik Wan Gogyň ykbalyny ýada saldy. Wan Gog diri wagty pulsuzlykdan gaty kösenipdir. Doganynyň kömek pullary oňa ýetmändir. Döredýän işlerini hem kän satyp bilmeýän eken. «Käwagtlar, onuň nahara puly bolmansoň, bir işini naharhananyň eýesine berip garnyny doýurýar» diýip onuň biograflary ýazyp geçýärler. Emma Wan Gog ölenden soň 90 ýyl geçensoň onuň döreden işleri auksionlarda 50-60 million dollara satylýar.
Şekillendiriş sungatynyň watany Fransiýa diýlip hasap edilýär. Dünýä belli hudožnikler sungatda şöhrat gazanmak üçin Pariža gelýän ekenler. Pablo Pikasso Ispaniýadan Pariže 1904-nji ýylda döredijilik sapary bilen birnäçe ýyllyk göçüp gelýär. Emma öz ýurdunda graždanlyk urşunyň başlanmagy, diktator general Frankyň häkimýeti basyp almagy, Pikassony mejbury Fransiýada galmagyna getirýär. Tokar Tugurow öz döredijilik ýolunuň ikinji ýarymyny Fransiýa tarap penjiräni açýar. Alty aýa golaý döredijilik sapary oňa ruhy baýlyk, sungatyň inçe syrlaryna akyl ýetirmek öz ýolunda ussat bolup ýetişmegine alyp gelýär. Ömrüniň ahyrynda 2008-nji ýylda men Tokar Tugurowy maý aýlarynda London şäherinde üç günlük myhman almalydym, emma bu duşuşyk başa barmady. Şol ýylyň 23-nji aprelinde Tokar Tugurow öz ussahanasynda iş molbertiniň ýanynda ýykylýar. Bu habar meni kakamdan aýra düşen ýagdaýymdaky ýaly umman boşlugyna getirdi.

«Ata-babalarymyz» (Hudožnik bu işimde biz kim we nireden gelýäris. Gara reňkiň üsti bilen hudožnik ata-babalarymyzyň öten dünýäsini tragiki şekilde görkezýär).
Türkmen sungatynda, medeniýetinde Tokar Tugurow öz döredijilik ýoly bilen täze bir sütüni döredip gitdi. Eger şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen poeziýasynda özboluşly ýoly döreden bolsa, bu ýol elbetde, ilkiler kabul edilmän, metbugat sahypalarynda yzygider tankyt edilip, şahyr aýatdaka ýüze tutarlyk bir kitabam çap edilmän, dünýeden gaýdansoň, häzirki nesil onuň poeziýa ýoluny kabul edip, onuň yzygider çykarylan kitaplaryny elden düşürmeýişleri ýaly, kompozitor Nury Halmämmedowyň sazlaryna halk äheňiniň göçürmeleri diýlip hasap edilip, ýyllaryň geçmegi bilen onuň döreden sazlary halkyň arasynda hormata eýe bolşy ýaly, hudožnik Tokar Tugurowyň abstraksiýa akymynda döreden işlerine doly akyl ýetirýän nesliň ýetişmegi bilen ol türkmen sungatynyň taryhynda öz mynasyp ornuny eýelär. Tokar aganyň şeýle arzuwy bardy: «Meniň işlerimi diňe Ýewropa döwletlerinde däl-de, öz ilimde, türkmen topragynda, oňa düşünjek, akyl ýetirjek nesle garaşýan» diýip, janygyp sözläni hiç wagt ýadymdan çykmaz, men muňa ýüregim bilen ynanýaryn.
Hudožnik Tokar Tugurowyň döredijilik älemi hakynda pikirlerimi jemlämde, şeýle garaýşyň döränine göz ýetirdim. Abstraksiýa akymynyň atasy hasaplanýan Wasiliý Kandinskiý şeýle belleýär: «Poeziýa, saz hem-de žiwopis (şekillendiriş) bu bitewi kökdür, bular aýrylmaz, bir-biri bilen baglydyr». Onuň bu aýdan pikirlerini tassyklap, türkmeniň medeni taryhynda şol üç jübütiň, Gurbannazar Ezizowyň, Nury Halmämmedowyň hem-de Tokar Tugurowyň dörändiklerini okyjylara habar berýärin! 

Kompozitor Nury Halmämmedow, şahyr Gurbannazar Ezizow, hudožnik Tokar Tugur
«Şahyr». (Hudožnik bu işinde şahyryň dünýäsini garamtyl reňkleriň ylaýtada ýaşyl reňkiň üsti bilen geçen günlere, ýatlamalara alyp gidýär).

«Oýlanma» (hudožnik oba durmuşyny ýatlamalaryň, oýlanmalaryň üsti bilen görkezmäge çalyşýar).

«Agtyklam» (Psihologik abstraksiýa. Bu işde hudožnik öz awtoportretiniň üsti bilen
agtyklarynyň geljegini alada edýänligini beýän edýär).
Söz soňy
Tokar agaň ussahanasynda, onuň kitap tekçesinde uly harplar bilen rus şahyry Boris Pasternagyň «Gije» diýen goşgusynyň soňky bendi ýazylgy dur.
Ýatma, ýatma , hudožnik, Не спи, не спи, художник,
Uka berilme. Не передавйся сну.
Sen bakyýetde girewsiň, Ты вечности заложник
Zamanyňda ýesirsiň. У времени в плену
Şu setirlerden ugur alyp, käbir dostlary aýtmyşlaýyn, Çal hudožnik bakyýetiň girewi boldy. Bu setirler Tokar Tugurowyň guburynyň baş ujunda-da häzirem ýazylgy dur.

Ýatan ýeriň ýagty bolsun Tokar aga. Jaýyň jennet, imanyň hemra bolsun…
Ýusup Kulyýew
