JEMGYÝET

Togan Oral: Nowruz baýramy türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär

Täzelenişiň we gülläp ösüşiň nyşany hasaplanýan ajaýyp bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýetip geldi. Ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrmakdaky, ýurtlardyr halklary ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgeleri esasynda jebisleşdirmekdäki orny göz öňünde tutulyp, 2009-njy ýylda Nowruz baýramynyň geçiriliş däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi Nowruz baýramynyň adamzat gymmatlygy hökmünde ähmiýetini has-da artdyrdy. Dünýä bileleşiginde bu sene indi 12-nji gezek halkara baýram hökmünde bellenilýär.

“Türkmenistan” gazetinde bu baýramçylygy giňden belleýän ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileriniň gutlaglary çap edilipdir.

To­gan ORAL, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si:

— Bu gün biz täze ýylyň nyşany we bahar paslynyň buşlukçysy bolan Nowruz baýramyny türkmen doganlarymyz bilen bilelikde giň­den belleýäris. Nowruz biziň halklarymyzyň taryhynyň we medeniýetiniň umumy gymmatlygydyr. Bu özboluşly baýramyň dost-doganlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetine ýokary baha berlip, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem ol Halkara Nowruz güni hökmünde dabaralandyrylýar. Men Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara derejede ykrar edilen Nowruz baýramyny Türkmenistanda belleýändigim üçin örän şatdyryn. Bu baýram türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylmagy ugrunda tagallalary gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys. Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Go­la­mab­bas AR­BAB­HA­LES, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si:

— 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilen Nowruz baýramy mynasybetli türkmen Liderine, Türkmenistanyň Hökümetine we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Belli bolşy ýaly, Nowruz Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň we Ýakyn Gündogaryň, Balkan hem-de Gara de­ňiz sebitleriniň birnäçe ýurtlarynyň halklaryny we medeniýetlerini birleşdirýän baýramçylykdyr. Ol biziň ata-babalarymyzyň ynanjyna görä, täze ýylyň başlangyjydyr, baharyň buşlukçysydyr. Nowruzda tebigat janlanýar, Ýer ýüzi lälezarlyga beslenýär. Ol bize birek-birek bilen jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ilerletmegiň aýdyň nusgasyny görkezýär. Çünki ösmek-özgermek, al-ýaşyl bürenip, Ýer ýüzüne şatlyk eçilmek — tebigatyň kanuny. Nowruz baýramynyň bellenilişiniň jemgyýetçilik, medeni we ylmy taraplary bolup, ol häzirki zaman dünýäsinde halklardyr ýurtlaryň arasynda parahatçylygy, hoşniýetliligi we jebisligi ösdürmek hem-de berkitmek üçin jemgyýetçilik diplomatiýasynda aýratyn ähmiýete eýedir. Biz bütin dünýäde Halkara Nowruz güni diýlip yglan edilen bu baýramy ösüşiň, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany hökmünde kabul edýäris. Täze ýylyň gelmegini alamatlandyrýan şu ajaýyp günde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da gi­ňeldiljekdigine uly ynam bildirýäris. Iki döwletiň Baştutanlarynyň paýhasly çemeleşmeleri we netijeli syýasaty bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzyň barha ilerlediljekdigini aýdyp bileris. Şu ýyl giň­den bellenilýän Nowruz baýramy Türkmenistanyň taryhyndaky möhüm seneler — döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýär. Üstümizdäki ýylyň türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Bularyň ählisi ýurtda Nowruz baýramynyň hormatyna guralýan dabaralarda hem aýdyň beýanyny tapýar. Goý, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Nowruz baýramy Ýer ýüzüniň ähli halklaryna rysgal, bereket, agzybirlik eçilsin! Goý, hemişe dünýäde parahatçylyk, abadançylyk hem-de durnukly ösüş höküm sürsün! Türkmen Liderini we Türkmenistanyň dostlukly halkyny ynsanperwerligi dabaralandyrýan bu baýram bilen ýene-de bir gezek gyzgyn gutlaýaryn.

Ak­mal­jon KUÇ­KA­ROW, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si:

— Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy, ýurduň Hökümetini we ähli türkmen halkyny Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Nowruz bahar baýramydyr. Ol biziň halklarymyzyň taryhyny, medeniýetini hem-de gadymy däp-dessurlaryny birleşdirýär. Ir döwürlerden bäri bellenilýän Nowruz baýramy ynsanlary agzybirlige we dostlukly ýaşaýşa çagyryp, birek-birege bolan sylag-hormatyň, jebisligiň ähmiýetini giň­den açyp görkezýär. Şu günki baýram gününde türkmen-özbek gatnaşyklary dogrusynda-da gürrüň etmegi makul hasaplaýaryn. Soň­ky ýyllarda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri tarapyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanda we Özbegistanda käbir ýollardyr köçeler iki ýurduň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny göterýär. Dostlukly Türkmenistanda akyldar şahyr Alyşir Nowaýynyň heýkelleri bar. Daşkent şäherinde gurlan «Aşgabat» seýilgähi bolsa türkmen-özbek dostlugynyň hakyky nyşanydyr. Golaýda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähini gurmak hakynda aýdanlary bizi çäksiz begendirdi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklary hemişe-de dostlukly gatnaşyklara ygrarlydyr. Biz dostlukly Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini öz üstünligimiz hasaplaýarys we türkmen halkynyň hem biz babatda şeýle garaýşynyň bardygyna ynanýarys. Häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy barha berkeýär. Türkmen Lideri öz kitaplarynyň birinde: «Dostluk adamzadyň iň gymmatly hazynasydyr. Dostluk — bu ýanyň­daky adamyň aladasyny etmekdir» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostlukly ýörelgeler esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynanýarys. Halkara Nowruz güni gutly-mübärek bolsun!

 

Ählihalka bag ekmek dabarasy geçirildi

 

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri