MEDENIÝET

“Titanikden” öňe saýlanan film

Dünýä belli golliwud aktýory Tom Kruzyň baş keşbi janlandyran “Top Gan: Mewerik” filmi Amerikanyň prokatynda “Titanik” filminden hem öňe saýlanyp, iň köp tomaşa edilen hem-de iň köp girdeji gazanan filmleriň birine öwrüldi.

Žosef Kosinkiniň režissýorlygynda surata düşürilen “Top Gan: Mewerik” filmi Jeýms Kameronyň surata düşüren “Titanik” filminden öňe saýlandy. “Top Gan: Mewerik” filmi Amerikanyň çäginde 662 million dollarlyk girdeji gazandy. Bu görkeziji “Titanigiň” girdejisinden 3 million dollar köpdür.

Şeýlelikde, Ameirkanyň prokatynda häzirki wagta çenli iň köp girdeji jemlän filmleriň sanawynda Tom Kruzyň filmi 7-njy orna geçdi. “Titanik” bolsa 8-nji orunda galdy.

“Top Gan: Mewerik” filmi dünýä prokatynda bolsa 1,35 milliard dollar girdeji gazanyp, iň köp girdeji gazanan filmleirň sanawynda 13-nji orny eýeledi. Bu film şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda görkezilip başlandy.

Golliwudyň iň köp hak tölenýän aktýorlarynyň biri bolan Tom Kruz bu filmde uçarmanyň keşbini janlandyryp, film üçin 100 million dollar aldy.

Şeýle hem “Top Gan: Mewerik” filmi Amerikanyň ýerli prokatynda 600 million dolarlyk görkezijini geçmegi başaran 12-nji film boldy.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy