DÜNÝÄ

“Titanik” gämisine syýahat

1912-nji ýylda dünýäniň iň uly gämisi hökmünde ilkinji syýahatyny amala aşyran, ýöne ummanda uly buz gaýalary bilen çaknyşan “Titanik” gämisi, şu günlerde adamlaryň arasynda iň köp maslahatlaşylýan temalaryň biri bolup durýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän “OceanGate Expeditions” syýahatçylyk kompaniýasy 1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde suwda gark bolan “Titanik” gämisine syýahat etmäge başlamak  kararyna gelendiklerini we galyndylarynyň deňiz derejesinden 3.800 metr çuňlukda ýerleşýändikleri habar berdiler. Syýahatçylar bu taryhy gäminiň galyndylary bilen tanyşmak üçin 125 müň dollar sarp etmeli bolarlar.

Leonardo Di Kaprio bilen Keýt Winsletiň baş keşplerde oýnan “Titanik” filmi 1998-nji ýylda 14 ugur boýunça Oskar baýragyna dalaşgärlik etdi we 11 sany baýraga mynasyp boldy.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri