DÜNÝÄ

«Time» ýylyň adamyny yglan etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Time» žurnaly «Ýylyň adamyny» yglan etdi. Neşiriň okyjylary şu ýyl bu at üçin iki syýasatçyny ― Demokratik partiýadan saýlanylan indiki Prezident Jo Baýdeni we onuň wise-prezidenti Kamala Harrisi mynasyp gördüler.

Neşiriň habarçylary Baýdeni «ABŞ-nyň saýalanan Prezidenti» diýip atlandyrdylar. Olaryň ýazmagyna görä, täze Prezident häzir ähli ünsüni Ýer ýüzünden koronowirus pandemiýasynyň ýitip, ýok bolup gitmegine gönükdirýär. Baýden bilen Harris bir mahallar biri-birine bäsdeşdi, indi bolsa olar şärikdeşler hökmünde ABŞ-ny dolandyrarlar.

Netijeleriň yglan edilmezinden bir gün öň neşir bu ada esasy mynasyplaryň gysga sanawyny çap etdi. Sanawda Donald Tramp, ýokanç keseller boýunça hünärmen Entoni Fausi we koronowirus pandemiýasyna garşy göreşýän beýleki adamlar bardy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy