SPORT

TFF-niň ýygnagy geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda 13-nji iýulda federasiýanyň ýolbaşçylarynyň, eminleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi.

Maslahatda milli çempionatymyzyň birinji we ikinji aýlawynyň jemleri jemlener. Mälim bolşy, çempionatyň birinji ýarymy «Altyn asyr» futbol toparynyň öňdeligi bilen tamamlanypdy. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl esasy ýaryş «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasynda geçiriler.

Şeýle hem TFF-niň maslahatynda çempionatyň üçünji we dördünji aýlawlarynyň tertibine serediler. Bu tertip örän möhümdir. Çünki Ýer ýüzünde koronowirus pandemiýasynyň öz täsirini azaltmagy bilen, ýylyň ikinji ýarymynda «Altyn asyryň» we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň halkara duşuşyklary geçirmegine garaşylýar. Şol duşuşyklaryň geçiriljek günleri çempionatyň ikinji ýarymynyň tertibini düzmekde uly orny eýelär.

TFF-niň maslahatynda Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň täze möwsümi üçin hem bijeler çekiler. Bu ýaryşyň ýeňijisiniň 2021-nji ýylda AFK-nyň kubogynda ýurdumyza wekilçilik edip biljekdigini ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler