Amerikaly meşhur aýdymçy zenan Teýlor Swift milliarderler sanawyna goşuldy. 33 ýaşyndaky ýaş aýdymçy aýdym-saz ugry boýunça birnäçe uly baýraklaryň eýesidir.
“Bloomberg Milliarderler indeksi” neşiriniň hasabatyna görä, «Grammy» baýragynyň eýesi Swift sap girdejisini 1,1 milliard dollara ýetirdi. Swiftiň 17 martda badalga alan “The Eras Tour” konsert saparynyň çäklerinde şeýle görkezijä eýe boldy.
Teýlor Swiftden ozal, Rihanna, Jaý Z we Beýonsa milliarderler sanawyna goşulan aýdymçylardyr. Swift soňky konsert maksatnamasynyň çäklerinde uly girdeji gazandy.
Aýdymçynyň karýerasynda köp sanly abraýly baýraklaryň we rekordlaryň bardygyny bellemek gerek. 2019-njy ýylda ol American Music Awards tarapyndan onýyllygyň ýerine ýetirijisi adyna eýe boldy. Şeýle-de, ol Billboard-yň “Onýyllygyň zenany” baýragyny aldy. 2019-njy ýylyň awgustynda “Forbes” žurnaly 185 mln dollar girdejisi bolan aýdymçyny dünýäde iň köp girdeji gazanýan aýdymçy diýip saýlady. 2022-nji ýylyň noýabrynda “Swift American Music Awards”-yň birbada alty nominasiýasynda ýeňiş gazandy.
