JEMGYÝET

Teswirler : Hünärmenler Siziň üçin Teswirleýär

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň  Teswirler sahypasy dürli ugurlardaky hünärmenleriň teswirlerini Size ýetirmäge dowam edýär. Bu sahypamyzy yzarlamak bilen saýtymyza ýerleşdirilýän gündelik habarlardan daşgary  alymlaryň we hünärmenleriň öz ugurlaryna degişli seljermelerini okap bilersiňiz. Hormatly okyjylar, Siz aşakda awtoryň ady we suraty ýerleşdirelen suratyň üstüne basmak bilen ýa-da awtoryň adynyň ýazýan gök ýazgynyň üstüne basmak bilen awtora degişli sahypa girip bilersiňiz we awtoryň ähli makalalaryny we seljermelerini okap bilersiňiz!

Dr. Almaz Ýazberdiýew : Taryh ylymlarynyň doktory Dr. Almaz Ýazberdiýew, Türkmen döwlet medeniýet inistitutynyň kitaphanaşynaslyk we bibliografiýaşynaslyk kafedrasynyň Uly mugallymy bolup işleýär. A.Ýazberdiýew 1994-nji ýylda „Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri” diýen hormatly ada mynasyp bolýar we 1996-njy ýylda „Watana bolan söýgüsi üçin” atly medal bilen sylaglanýar. Siz Teswirler sahypasyndan Dr. Ýazberdiýewiň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin ýörite ýazan makalalaryny we awtoryň degişli ýyllarda ýazan we beýleki metbugat serişdelerinde  neşir edilen makalalaryny  okap bilersiňiz.  Dr. Ýazberdiýew Türkmen we Iňlis dillerinde neşir edilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly üçin hem birnäçe makala ýazdy.

Dr. Berdi Saryýew: Türkiýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy Dr. Berdi Saryýew türkmen dilini daşary ýurtlarda öwretmekde uly işleri alyp barýar. Dr. Saryýewiň saýtymyz üçin ýörite ýazan makalalaryny we degişli neşirlerde çap edilen makalalaryny bu sahypanyň üsti bilen Size ýetirýäris.

Hojagylyç Nazarow : Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Hojagylyç Nazarow 1937-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Çagyl obasynda doglan. 53 ýyl mugallym bolup işlän. Türkmenistanyň at gazanan mugallymy, halk magaryfynyň otliçnigi, uly mugallym, usulçy mugallym atlaryna mynasyp bolan, bir orden we üç sany medal bilen sylaglanan. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Gaýrat medalynyň eýesi. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi. Siz bu sahypada Hojagylyç Nazarowyň  soňky 30-40 ýylyň dowamynda ýazan we Türkmen metbugatynda neşir edilen makalalaryny okap bilersiňiz.  H. Nazarow “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly  üçin Düýe çaly barada ýörite makala ýazypdy.

Kerimguly Geldiýew : Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy, Ahal welaýatynyň 20-nji “Yzgant” saýlaw okrugynyň deputaty. Ol 2004-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlül uniwersitetini üstünlikli tamamlap, menejer hünärini ele aldy. Geldiýew, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly  üçin birnäçe makala ýazypdy. Siz saýtymyzda Geldiýewiň gündelik syýasy we durmuş bilen baglanyşykly seljermelerini okap bilersiňiz!

Şirin Şirliýewa : “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň jogapkär kätibi Şirliýewanyň sport ulgamyna degişli makalalaryny we täjirçilik ulgamyna degişli terjimelerini okap bilersiňiz!

Aýbölek Abdyrasulowa  : «Watan» gazetiniň jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklary bölüminiň redaktory. Aýbölek Abdyrasulowa Geldimyradowna 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetini tamamlady. Aýbölek Abdyrasulowanyň saýtymyz üçin ýazan Täleýnamalara degişli seljermelerini okap bilersiňiz.  Abdyrasulowa ilkinji nobatda her bir ýyldyz barada gysgaça seljermeleri Size ýetirer. Geljekde durmuş bilen bagly seljermeleri Siz Abdyrasulowanyň sahypasyndan okap bilersiňiz!

Dr. Döwran Orazgylyjow:  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  baş redaktory, hukuk ylymlarynyň doktory Dr.Orazgylyjow,  şol bir wagtda Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk Jemgiýetiniň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri