TEHNOLOGIÝA

«Tesla» kompaniýasyndan täze rekord

Soňky wagtlarda “Tesla” kompaniýasynyň özüniň elektrik ulaglary bilen dünýädäki meşhurlygy artýar. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Elon Muskyň eýeçiligindäki elektrik awtoulag tehnologiýasynyň öňdebaryjy kompaniýasy “Tesla” täze üstünlik gazandy. Kompaniýanyň ýakynda öndüren batareýa tehnologiýasy bilen “Tesla” ulagy 647 kilometr aralygy geçip, ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gullugy tarapyndan tassyklanan iň oňat menzile ýetdi.

“Teslanyň” täze “Model S” ulagy “Long Range Plus” wersiýasy tarapyndan hödürlenýän 647 kilometr aralygy ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gullugy tarapyndan resmi taýdan tassyklandy. “Model S” 2012-nji ýylda ilkinji gezek hödürlenende 426 km menziliň geçilmegi göz öňünde tutulypdy. “Model S” ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gullugy tarapyndan geçirilen öňki synaglarda 629 kilometre ýetmegi başardy. Kompaniýanyň bu oňat netijesi üçin ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gullugy bu elektrik modeli ýörite şahadatnama bilen sylaglady.

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama