BIZNES

“Tesla” Hytaýda rekord goýdy

Koronawirusy gözegçilik astyna alandan soň, epidemiýadan öňki ýagdaýa gaýdyp gelýän Hytaýda ABŞ-nyň elektrik awtoulag öndürijisi “Tesla” kompaniýasy mart aýynda satuw rekordyny täzeledi.

Dünýäde ykdysady ýagdaýy babatda ikinji orunda durýan Hytaýda ykdysady babatda hoş habarlar gelmäge başlady. “Yahoo Finans” portalynyň habaryna görä, Ilon Maskyň esaslandyran “Tesla” kompaniýasy Hytaýda rekord goýdy. Kompaniýanyň beýanatyna laýyklykda, şu ýylyň mart aýynda Hytaýda 10 müň 160 sany awtoulagyň satuwy amala aşyrylyp, bu ugurda rekord goýlandygy mälim edildi.

Hytaýyň “CPCA” awtomobil federasiýasynyň maglumatlaryna görä, “Tesla” ýanwar aýyndan 2 müň 620 sany, fewral aýynda bolsa 3 müň 900 sany ulag satdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder