BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Tender bäsleşiklerine gatnaşmak ýeňilleşdirildi

Türkmenistanda yglan edilýän tender bäsleşiklerine gatnaşýan kompaniýalar mundan beýläk internet arkaly guramaçylara tender ýüz tutmalaryny iberip bilerler. Bu ýagdaý ýurdumyzyň degişli kanunçylyk namalaryna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalardan soňra hasyl boldy.

«Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizildi. Ýerli metbugatda çap edilen kanundaky üýtgetmelere laýyklykda, bäsleşik arzasy guramaçynyň eelektron poçta salgysyna elektron sanly gol bilen tassyklanylyp iberilip bilner.

Mundan öň, bäsleşige gatnaşmak üçin kompaniýalar guramaçylara doly tender teklibi bilen möhürlenen hat bukjasyny ibermeli bolýardylar.

Bäsleşik geçirilen döwründe dürli bildirişler ýazmaça görnüşinde amala aşyrylýardy. bu kanunyň 33-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere görä, mundan beýläk elektron resminama görnüşinde hem ugratmak bolar.

Guramaçylar mundna beýläk bäsleşikleri diňe metbugatda däl, eýsem internetde hem ýerleşdirmeli. Indi internet arkaly tendere gatnaşmak üçin resmi çakylyklary ibermäge mümkinçilikleri bar. Ozal bu hem diňe ýazmaça görnüşde edilmelidi.

 

Bäsleşik: ýaşaýyş jaýyny gurmak

 

Ýene-de okaň

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

Rus ilçisi: Russiýa Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoly toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny dörediler

Türkmenistanda SPECA hepdeligi geçiriler

Ata Watan Eserleri

SOCAR Azerbaýjanyň gazyny Awstriýa we Germaniýa ibermäge başlady