JEMGYÝET

Teleýaýlym bäsleşiginiň taryhy rekordy

Angliýada ýaýlyma berilýän “Kim millioner bolmak isleýär” atly bäsleşikde rekord goýan Donald Fear, berlen sowallara dogry jogap berip, 1 million funt-sterling pul baýragyny almagy başardy. Umuman, dünýäniň ençeme ýurdunda bu telebäsleşik her ýurduň öz şertlerinde geçirilip, oňuň gatnaşyjylarynyň iň ýokary baýraga eýe bolýan pursatlaryna seýrek duş gelinýär.

Şeýle ýagdaý Angliýada bolup geçdi. 57 ýaşly mugallym Donald Fear ähli soraglara dogry jogap bermek bilen, diňe bäsleşigiň 50/50 göterim artykmaçlyk hukugyndan peýdalanyp, baş baýraga eýe boldy. Ol soňky 14 ýylda bu oýunda 1 million funt-sterling gazanan ilkinji adam boldy. Donalda 1 million funt-sterling gazanandyran sowal:”1718-nji ýylda häzirki Demirgazyk Karolina diýlip atlandyrylýan kenarlardaky deňiz söweşinde haýsy garakçy öldi?” soragy boldy.

Donaldyň saýlamaly jogaplary Kaliko Jek, Blekberd, Barholomew Roberts we kapitan Kidd. Käri taryhy mugallymy bolan donald üçin bu sowal kyn bolmady. Umuman, ol 15 sowala hem dogry jogap berip, 22 ýyllyk teleýaýlym bäsleşiginiň taryhynda 1 million funt-sterling gazanan 6-njy adam boldy.

Donald gazanan baýragynyň 70 göterimini öz maşgalasyny üçin sarp etmegi, galan 30 göterimini bolsa pensiýa çykanda ulanmagy meýilleşdirýär.

Beýik Britaniýada bu bäsleşik 1998-nji ýylda başlady. 1 millionlyk baýragy gazanan ilkinji adam 2000-nji ýylda Judith Sinthia Aline Keppel boldy.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy